DÜNÝÄ

BMG Türkmenistanyň başlangyjy boýunça täze Kararnama kabul etdi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça hasabat berdi.

wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini habar berdi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 sany döwlet çykyş etdi.

Mundan başga-da, Baş Assambleýanyň ýokarda agzalan mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzy Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň nobatdaky uly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

 

Welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jogapkär wise-premýerler

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar