BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky giň gerimli strategiki hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp geçdiler. Bu ugurda türkmen tarapy BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirligi bilen alnyp barylýan işlere ýokary baha bermek bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmegine ygrarlydygyny beýan etdi.

Şunlukda BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň amala aşyrylmagynyň çygrynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriň möhüm meseleleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurdaky derwaýys hereketleri bellenilip geçildi.

Maglumat howpsuzlygynyň meseleleri we hyzmatdaşlygyň ýaşlar bilen bagly ugruny ara alyp maslahatlaşmak arkaly, taraplar BMG-niň howandarlygynyň astynda maglumat giňişliginde howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça ählumumy hukuk gurallarynyň kabul edilmegine aýratyn üns çekdiler.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistan BMG-niň transmilli guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmek boýunça halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyndaky merkezi ornuny goldamak bilen, ýüze çykýan howplara, hususan hem kiberhowpsuzlygyna hem-de onuň bilen bagly bolan halkara maglumat howpsuzlygynyň wehimlerine garşy göreşmegiň täze halkara-hukuk gurallarynyň işlenilip düzülmegi ugrunda çykyş edýär, diýip belläp geçdi.

Şonuň ýaly-da takyk alnan sebit babatynda BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň uýgunlaşdyrylmagy üçin esas goýan 2011-nji ýylyň Aşgabat jarnamasynyň we Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ähmiýeti» atly kararnamasynyň derwaýyslygyny hem belläp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar şeýle-de 2020-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen hem-de häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň işlenilip düzülmeginde BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen bilelikde alyp baran işleriniň aýratyn netijeliligini nygtadylar.

Gepleşikleriň barşynda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy 2021-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen paýtagtynda geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygynyň we ösüşiň esasy» atly Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyryldy.

Bu halkara forumyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde alnyp barylan halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagy boýunça giň gerimli işleriň logiki jemlemesi boljakdygy bellenilip geçildi.

 

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda guramaçylyk meseleleri seredildi

ÝENE-DE OKAŇ

Meşhur suratkeş Winsent Wan Gog 1888-nji ýylda saglyk ýagdaýy sebäpli Fransiýanyň oba ýerlerinde ýaşap başlanynda "Meules de Blé" ("Bugdaý üýşmeleri") atly suratyny çekdi. Gog Arlesde bolup ýörkä, töweregindäki çopan durmuşyna aşyk boldy we "Meules de blé" bu döwürde öndüren hasyl temaly eserleriniň birine öwrüldi. Winsent Wan Goguň suraty 116 ýyldan soň auksiona çykarylýar. “Meules de Blé” (“Bugdaý üýşmeleri”) akwarel suraty...
“Forbes” tarapyndan taýýarlanan dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orny 3 aýyň içinde dördünji gezek üýtgedi. “Tesla” kompaniýasynyň baş direktory Ilon Maskyň paýnamalary 870 dollara çenli ýokarlandy. Ilon Mask iýul aýyndan soň ýene-de birinji orna çykyp, ikinji orunda durýan “Amazon” kompaniýasynyň eýesi Jeff Bezosyň arasyndaky tapawudy 20 milliard dollardan gowrak ýokarlandyrdy. Ine, täzelenen görnüşinde dünýäniň iň baý 10 adamynyň sanawy: ILON...
8-nji Hytaý-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. 2021-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda özara peýdaly söwda gatnaşyklarynyň täsiri bilen birlikde ykdysady gatnaşyklary we has ýaşyl ösüş strategiýalaryny diwersifikasiýa etmek üçin özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy. Hytaý metbugatynda bellenilip geçilişi ýaly, Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda gatnaşyklary soňky 20 ýylda yzygiderli ösýär. Diňe 2020-nji ýylda Hytaýdan Merkezi Aziýanyň bäş...
Türkmenistandan ýokary derejeli wekiliýetiň Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi boýunça (COP26) halkara maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu barada BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gurnalan onlaýn duşuşykda bellenilip geçildi. Bu barada BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň web sahypasynda bellenilip geçilýär. Türkmenistan Hökümetiniň daşky gurşaw we howany goramak taslamalaryny durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalaryny goldamak babatda geçirilen onlaýn duşuşykda...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Türkmenistanda işleýän 12 ýylynda “Rönesans Holdinge” birnäçe möhüm düzümleýin desgalaryň gurluşygy ynanyldy. Şol desgalaryň hatarynda ýapon hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilen “Marykarbamid” zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň, Çärjew etrabyndaky sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň taslamalary bar. Nygtalyşy ýaly, kompaniýa rowaçlyk we gülläp...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
888FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar