TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bilim bermeklikde halypalaryň tutýan orny

Hormatly Prezidentimiziň bilim baradaky alyp barýan syýasaty hem innowasion häsiýetlidir. Bu döwürde Türkmenistanda ykdysady taýdan has kuwwatlanyp, il-ýurt ähmiýetli, ýokary hilli gurluşyklar alnyp barylýar. Paýtagtymyzda, welaýat, etrap merkezlerinde her ýylda täze okuw orta mekdepleri, çagalar baglary gurlup, ulanmaga berilýär. Täze gurulýan bilim desgalary okamak işini doly döwrebap kompýuterler, interaktiw okuw enjamlary we internet ulgamy bilen üpjün edilen.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen we ählumumy bilim ulgamyna goldaw berilmeginde dürli mekdepleriň ökde we zehinli okuwçylaryň dersler boýunça geçirilýän döwlet olimpiadalaryna we synag bäsleşiklerine gatnaşýarlar. Bu geçirilýän çäreler ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döredýärler. Muňa mysal edip mekdep okuwçylarynyň kompýuter taslamasy boýunça halkara bäsleşigini görkezmek bolar. Bu halkara bäsleşiginde dünýäniň dürli künjeginden gelen zehinli ýaşlaryň kompýuter tehnologiýalary boýunça taýýarlan çylşyrymly, täsin ylmy-tehniki oýlap tapyşlary uly höwes döredýär.

Hormatly Prezidentimiz her okuw ýylynda türkmen ýaşlarynyň ençemesi dünýäniň birnäçe ýurtlary, ýagny Türkiýäniň, Hytaýyň Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň, Belarusyň, Rumyniýanyň, Malaýziýanyň öňdebaryjy we abraýly okuw mekdepleri bilen bilelikde teleköpri arkaly onlaýn görnüşli okuw sapaklaryny geçmeklikde, iňňän uly şertler döredip berýär. Ol mümkinçilikler bolsa biz talyp ýaşlaryň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda öz hünärleriň eýeleri bolup ýetişmeklerine uly goldaw bolup durýar.

Nesil Myradow,

TOHU-nyň talyby.

 

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Teswirle