TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Beýik Ýeňşiň 77 ýyllyk toýy

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýram edilmegi her bir türkmen raýaty üçin şatlykly wakadyr. Bu gün döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde, milli däplerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyz olary berjaý edýär hem-de olara uly sarpa goýýar. Ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşmagy jemgyýetimiziň hemme taraplaýyn sazlaşykly ösmegine hyzmat edýär.

Ýeňiş güni ata-babalaryna buýsanýan, olaryň wesýetlerini sarpalaýan türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemekde aýratyn ähmiýeti bolan senedir. Hoşniýetlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklarydyr hem-de durmuş kadasyna öwrülen kämil ýörelgeleridir. Dünýä taryhyna örän pajygaly we iň gandöküşikli döwür hökmünde giren 1941 — 1945-nji ýyllarda hem bu mukaddes kadalara berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda batyrlygyň, watançylygyň belent nusgasyny görkezdiler, nesilleriň hormatyna mynasyp boldular.

Watanymyzyň azatlygyny, garaşsyzlygyny gorap saklan edermen, gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şan-şöhraty halkymyzyň taryhyna girip, ol milli gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” atly ýadygärlik kitaplarynda ebedileşdirildi. Olaryň hatarynda gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bolup, onuň durmuş ýoly bu günki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borjuňa wepalylygyň nusgasydyr.

Ýer ýüzüniň halklaryny “faşizm” atly mergiden  goramak ugrundaky  söweşlerde janyny gurban eden ýüzlerçe müň türkmenistanlynyň hormatyny belent tutmak, diri  gezip ýören uruş weteranlaryny sarpalamak  babatda hormatly Prezidentimiz tarapyndan taýsyz tagallalar edilýär. Munuň  şeýledigine  bolsa, ýurtda ýaýbaňlandyrylýan derejeli işleriň  toplumy  hem  doly şaýatlyk edýär.

Paýtagtymyzyň gözel  künjekleriniň birinde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň bina edilmegi, ol ýerde “baky oduň”  alawlap  durmagy, ýurdumyzda  uruş weteranlary hakynda  döwlet derejesinde  yzygiderli alada edilmegi, olaryň pensiýalarynyň dowamly  köpeldilmegi, ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň gowulandyrylmagy biziň  ýurdumyzda Watan gerçeklerine berilýän üns-aladanyň  döwlet derejesindediginden habar  berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işleri netijesinde ýurdumyz gülläp ösýär. Arkadagly Serdarymyzyň ata Watanymyzy dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda  edýän taýsyz tagallalary diňe türkmenistanlylar, sebitiň halklary tarapyndan däl-de, eýsem Ýer ýüzünde öz ykrar-beýanyny tapýar. Türkmenistanyň sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilmeginiň milli däplerimiziň dowamlylygynyň hem-de ata-babalarymyzyň edermenligine goýulýan hormatyň mynasyp beýanyna öwrülendigini bellemek gerek. Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli öňe sürýän netijeli başlangyçlary parahatçylygy pugtalandyrmaga, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň täze ösüşlere, täze özgertmelere tarap barýan döwründe uruş  weteranlary  hakyndaky aladanyň  birjik-de ünsden düşürilmeýändigi bizi  diýseň  begendirýär.

Biz hem 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli watandaşlarymyzy, gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy tüýs ýüregimizden mähirli gutlaýarys! Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza  berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerdine elmydama rowaçlyk arzuw edýäris!

Suwhankuly Bahadurow,  Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

 

Makron kasam kabul etdi

Ýene-de okaň

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Teswirle