DÜNÝÄ

Makron kasam kabul etdi

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherindäki Ýeliseý köşgünde gaýtadan prezidentlige saýlanan ýurduň Prezidenti Emmanuel Makronyň wezipesine girişmek dabarasy geçirildi.

Ýurduň Konstitusion geňeşiniň başlygy Loran Fabius prezident saýlawlarynyň netijelerini yglan etdi we prezidentiň täze mandatyny tassyklady.

Makron hormatly legion ordeniniň Beýik magistri hökmünde yglan edildi we oňa altyn zynjyr gowşuryldy.

Makron 20 ýyldan soňra ikinji möhlete prezidentlige saýlanan döwlet baştutany boldy. Mundan ozal, şeýle üstünligi Žak Şirak başarypdy. Nikolýa Sarkozi we Fransua Olland ikinji möhlete saýlanyp bilmändi.

Makronyň resmi ikinji möhleti bir hepdeden başlaýar – takyk 5 ýyl mundan ozal, ol ilkinji gezek döwlet baştutany wezipesine girişipdi.

 

Türkmenistan-Ýewropa BileleÅŸigi: “Ýol kartasy” taýýarlanar

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi