SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bejergi alýan çagalar üçin 400 müň dollar berler

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine baryp gördi.

Mälim bolşy ýaly, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi 2015-nji ýylda açyldy. Ýedi gatdan ybarat bolan bu merkez 670 orunlyk bolup, onda bölümleriň 28-si bar. Şolaryň hatarynda kabul ediş bölümi, ylmy-kliniki barlaghana, anyklaýyş-maslahat beriş, ýatymlaýyn anyklaýyş, operasiýa, çagalaryň ösüşi we irki anyklaýyş, fiziobejeriş we bejeriş bedenterbiýe, çagalaryň gemotologiýasy, çaga iç keselleri ylmy-kliniki bölümleri bar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow merkeziň bölümlerinde bejergi alýan çagalara degişli lukmançylyk hyzmatlarynyň berlişi, aýratyn-da, dogabitdi ýürek kemisligi bolan hassa çagalary operasiýa taýýarlamak we operasiýadan soňky döwürde geçirilýän dikeldiş çäreleri boýunça alnyp barylýan işler hem-de merkeziň mümkinçilikleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda ýürek operasiýasyna mätäç çagalaryň 220-si bar. Bu çagalary bejermek üçin iň täze we netijeli “AORTIС” serişdeleriniň ulanylýandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlenen adamyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky ählitaraplaýyn aladanyň aýdyň netijesidigini belledi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan merkezde bejergi alýan çagalar üçin ABŞ-nyň 400 müň dollary möçberdäki pul serişdesiniň goýberiljekdigini aýtdy.

 

 

Ýerli ýolagçy howa gatnawlarynyň täze tertibi

Ýene-de okaň

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar