TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Bartin Uniwersitetine Attestat bilen okuwa girmek mümkünçiligi

Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Bartin uniwersiteti 2021-2022-nji okuw ýyly üçin daşary ýurt talyplaryny okuwa kabul edýär. Uniwersitetiň web saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, bu uniwersite okuwa girmek üçin resminamalar kabul edişlik Maý aýynyň 10-na başlady we iýun aýynyň 13-ne çenli dowam edýär. Resminamalar online tabşyrylýar we okuwa kabul edilen talyplaryň sanawy 2021-nji ýylyň 26-nji Iýunynda yglan edilýär. Uniwersitete girmäge hukuk gazanan talyplar Sentýabr aýynyň 6-syndan 10-na çenli okuwa bellige alyş işlerini amala aşyrmaly.

Eýsem Bartin uniwersitetine girmäge hukuk gazanmak üçin şertleri näme?

  1. Attestat ýa-da onuň Türkiýäniň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary tarapyndan tassyklanan nusgasy (terjimesi)
  2. Alynan sapaklary we bahalary görkezýän Resminama (terjimesi)
  3. Pasportyň Türkiýäniň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary tarapyndan tassyklanan nusgasy
  4. Daşary ýurt Talyp Synagyndan (YÖS) alynan bahany görkezýän resminama (bar bolsa)

Resminamalar kabul edilenden soňra ilki bilen ÝÖS synagyndan iň ýokary bal alanlar (iň ýokary baldan 70 bala çenli azalmak şerti bilen) okuwa kabul ediýär. Şonda eger ýene-de boş ýer bolsa, onda attestat bahasy ýokary bolanlar  okuwa kabul edilýär.

 

Türkiýede bilim almak boýunça maslahat hyzmatlary

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi, Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Gat:4 Fatih/ İstanbul

E-mail : atavatanltd@gmail.com

Telefon: +90 532 401 71 52  /     +90 530 251 36 73    /   +90 212 633 40 00

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Türkiýe 2021: Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepler

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle