TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIMTALYP 2022

Bakalawr we magistr maksatnamalary barada umumy düşünje

Ýurdumyzda  2022-2023-nji ýyly üçin ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň Tertibi baradaky habarlarda hünärmen maksatnamasy we bakalawr maksatnamasy boýunça talyplyga kabul edilýändigi barada aýdylyp geçilýär. Şonda käbir ýokary okuw mekdeplerinde magistr maksatnamasy boýunça talyplyga hem kabul edilýändigi bellenilýär. “Atavatan Türkmenistan”  halkara žurnalynyň   www.atavatan-turkmenistan.com saýty bu baradaky habarlary yzygiderli Size ýetirip geldi.

Siz bu habarlaryň ählisini şu ýere basyp okap bilersiňiz!

Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan – gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habary Size ýetirýäris.

Bakalawr we magistr maksatnamasy barada umumy düşünje bermek barada köp  sanly dalaşgärlerden gelýän soraglara jogap tapmak maksady bilen ýaňy ýakynda rejelenen görnüşde kabul edilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna ýüzlenýäris.

Bellemeli zat, dünýäniň köp ýurdynda bilim derejesi iki derejeli, ýagny, bakalawr we magistr maksatnamasy görnüşinde amala aşyrylýar. Diňe magistr derejesine eýe bolanlar doktorantura derejesi üçin resminama tabşyryp bilýär. Mysal üçin, şu setirleriň awtory Türkiýede ilki bilen hukuk ugrundan bakalawr derejesini, soňra, hususy hukuk ugrundan magistr derejesini aldy. Diňe şondan soňra, hukuk ylymlarynyň doktory derejesini almak üçin gerekli amallary ýerine ýetirdi.

Geliň indi bakalawr we magistr maksatnamasy baradaky umumy düşünje berýän habarymyzy dowam edeliň!

Ilki bilen ýurdumyzda bilim maksatnamalarynyň umumybilim we hünär bilimi görnüşinde 2-ä bölünýändigini bellemek gerek.

Umumybilim, mekdebe çenli bilim, başlangyç bilim, esasy orta bilim, doly orta bilim we  okuwçylaryň mekdepden daşary we goşmaça bilimden ybaratdyr.

Hünär bilimi maksatnamalary bolsa  anyk ugurda hünär işiniň alnyp barylmagyna we (ýa-da) anyk işçi hünärleri ýa-da hünär (taýýarlygyň ugry) boýunça işiň ýerine ýetirilmegine, şeýle hem hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýän bilimleriň, başarnyklaryň, endikleriň we ygtyýarlylygyň ele alynmagyna gönükdirilendir.

Hünär biliminiň maksatnamalary boýunça bilimiň aşakdaky derejeleri bellenilýär:

1) hünär-tehniki bilim derejesi;

2) orta hünär bilimi derejesi;

3) ýokary hünär bilimi derejeleri:

4) ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi derejesi.

Kanunyň 28-nji maddasyna görä, Türkmenistanda ýokary hünär biliminiň işgärleri taýýarlamagyň iki derejeli, şonuň ýaly-da bir derejeli gurluş düzümi bardyr.

Iki derejeleri gurluş düzümi: Bakalawr we Magistr

Taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň birinji derejesine bakalawr maksatnamasy, ikinji derejesine bolsa magistr maksatnamasy diýilýär.

Birinji dereje:Bakalawr:

Bakalawr  maksatnamasy  hünär işiniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär. Bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlamak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar. Bakalawr maksatnamasynyň  kadalyk ölçeg möhletleri 4 okuw ýylyna deňdir.

Bakalawr hünär derejeli ýokary hünär bilimi hakyndaky resminama onuň eýesine ýokary hünär biliminiň magistr maksatnamasy boýunça okuwyny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Ikinji dereje: Magistr:

Magistr maksatnamasy, ýagny, taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan iki derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär biliminiň ikinji derejesi bolan  magistr maksatnamasy hünär we (ýa-da) dolandyryş wezipeleriniň birnäçesini özbaşdak çözmäge, pedagogik işiň dürli görnüşlerini geçirmäge we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga taýýarlamagy üpjün edýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär. Magistr maksatnamasy boýunça taýýarlamak ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar. Magistr maksatnamasy – bir okuw ýylyndan iki okuw ýylyna çenli möhletlerde amala aşyrylýar.

Magistr  hünär derejeli ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalar olaryň eýelerine ýokary okuw mekdebinden soňky bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Bir derejeli gurluş düzümi: Hünärmen maksatnamasy

Türkmenistanda ýokary hünär biliminiň işgärleri taýýarlamagyň bir derejeli gurluş düzümi bolan Hünärmen maksatnamasy bolsa okadylmagy hünärler boýunça amala aşyrylýan işgärleri taýýarlamagyň bir derejeli gurluş düzümi bolan ýokary hünär bilimi hünär, pedagogik, barlag-gözleg işleriniň ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary bilim hökmünde kesgitlenilýär.

Hünärmen maksatnamasy boýunça taýýarlamak umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda amala aşyrylýar.

Hünärmen maksatnamasy – bäş okuw ýylyndan alty okuw ýylyna çenli.

Hünärmen hünär derejeli ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamalar olaryň eýelerine ýokary okuw mekdebinden soňky bilimiň bilim maksatnamalary boýunça okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Ýaş ekologlaryň halkara bäsleşigi

Türkmenistanda biologiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasy geçirildi

Türkmenistan – Russiýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Teswirle