SÖHBETDEŞLIK

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

Süýji arzuwlar, hyýalyňdaky islegler ynsana ruhy güýç we geljege sary gymmatly ädimleriniň başlangyjy bolýar. Durmuşda her birimiz arzuw edip oňa ýetmek ugrunda birnäçe aňsat hem-de kyn ýollarda ýolagçy bolýarys. Çaga kalbyňdan edilen arzuwyň wysal bolmagy bu ömür ýoluň beýan edilen şahsy kitabyňdaky iň gymmatly sahypalardyr. Gymmatly we mazmunly sahypalaryň köp bolmagy üçin bolsa adam mydama gözlegde we hereketde bolýar. Şeýle hereketleri we öz arzuwyndaky ýollaryndan hiç wagt ýüz öwürmedik ýaş aýdymçy gyzymyz, «Ýaňlan diýarym» bäsleşiginıň ýeňijisi Bahar Annaýewa bilen söhbetdeş bolduk we bu söhbetdeşligi  «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  üsti bilen okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

 Bahar, ilki bilen Sungat älemine gelşiňiz we şu ugry saýlamagyňyza bolan höwesiňiz baradaky gürrüňlerden başlaýsak.

 Ilki bilen Şaperi meni we meniň sungatymy sylap şu söhbetdeşligi gurnanyňyz üçin «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň ähli döredijilik işgärlerine köp sagbolsun aýdýaryn.

Meniň sungatdaky ilkinji ädimlerim çagalyk ýyllarymdan başlady. Kiçi wagtym ýadyma düşýär, telewizorda aýdym aýtsalar elime pulty ýa-da islendik mikrafona meňzeş zady alyp telewizoryň öňüne geçip, ýaýlyma goýberilýän aýdymlaryň yzyndan gaýtalardym, aýdymçynyň edýän hereketlerini şoňa meňzedip ýerine ýetirmäge çalyşardym. Halkymyzda şeýle bir jümle bar: «Boljak oglan başdan belli». Bu jümlede aýdyljak bolýan zat, eýýäm her bir adam çagalygyndan ýüreginiň isleglerini durmuşa geçirmäge synanyşýar we hereketleriniň, özüni alyp barşynyň netijesinde geljekdäki haýsy käri saýlajakdygyna yşarat edýär. Çagalyk arzuwlary her birimiziň hakyky ýürek sesimiz, çünki ol wagt çaga diňe kalbyna gulak salýar, ol ýerde hiç bir bähbit, peýda hakynda pikir ýöredilmeýär, diňe kalbyny diňleýär. Çagalar bagyna gatnaýan döwürlerimden bäri aýdym-saz meniň durmuşymyň bir bölegi bolup başlady. Çagalar bagynda terbiýeçimiz täze goşgy ýa-da aýdym öwretse, öýe gelýänçäm şony ýatdan çykarmajak bolup ýatlap gelerdim. Sebäbi ol wagtlar harp, ýazuwdan başymyz çykmansoň esasy guralymyz ýatkeşlikdi. Soňra mekdebe gatnap başladym, ol ýerde-de her aýdym sapakda mugallymyň öwreden aýdymlaryny birinji bolup men çykyp aýdyp berýärdim. Mekdepde geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda yzymda okuwçylar durardy menem olaryň oňünde salist hökmünde durup aýdym aýdardym. Mekdepden daşary men Kaka etrabyndaky çagalar sungat mekdebine gatnadym. Ol ýerde men diňe bir aýdym aýtmak däl, tans sungaty, skripka saz guralyny  çalmagy hem öwrendim.  Umuman çagalyk ýyllarymdaky şol höwesim meni şu menzillere ýetmegime ýardam etdi. Men käwagtlar döredijilik bilenem meşgullanýaryn. Ilkinji «Intizar etme» diýen goşgymy saza geçirip 2006-njy ýylda  aýdym edip ýerine ýetirdim. Ol wagtlar men Ahal welaýatynyň Medeniýet öýünde işleýärdim.

Bahar, aýdym we Aýdymçylyk sungaty barada pikirleriňizi okyjylarymyz bilen paýlaşaýsaňyz.

Aýdym bu meň pikirimçe ynsana Hak tarapyndan ruhy lezzet almak üçin edilen peşgeş diýip düşünýärin. Aýdym-saza diňe bir şol ugurda zähmet çekýän ýa-da okaýan adam däl, eýsem hemme adamlara özüçe ruhy lezzet paýlaýar, olaryň medeniýetli we gyzykly dynç almaklaryna mümkinçilik berýär. Aýdym haçanda ýürekden ýerine ýetirilende ýüreklerde ýer tutýar. «Ýürekden çykan söz ýürege barýar» diýilýär. Aýdylýan aýdymyňda haýsam bolsa bir durmuş ýaşalsa, şol aýdymy ýa-da sazy eşiden wagtyň bir döwürler, pursatlar ýadyňa düşse, diýmek bu eseriň ýerine düşdügi we sungat äleminde mynasyp ornuny tapandygy diýip hasap edilýär.

Aýdymçy — bu hem aýdymlary ýerine ýetirýän ynsan. Bu ynsan özüne aýdymçy wezipäni alanyndan soň onuň durmuşy, bar zehini şonuň üsti bilen ýüze çykýar. Adam aýdymçy adyny almak üçin köp zähmet çekmeli we çeken zähmetiniň netijesini halka görkezmeli. Aslynda döredijilik adamlarynyň isle aýdymçy, isle bagşy bolsun umuman sungat, medeniýet işgärleri halkyň adamsy. Olaryň sungatdaky we medeniýetdäki ornuny halk kesgitleýär, halk olaryň eserlerine mynasyp baha berýär.

Bahar şu ýerde ýene bir sowal döredi, Siz aýdymçy hökmünde ýurdumyzda hereket edýän KHBS-niň üsti bilen ýa-da baýramçylyk dabaralarynda yzygiderli çykyş edýärsiňiz. Bazarlara zat almaga, toýlara myhman hökmünde baranyňyzda ýa-da tötänden ildeşlerimiziň biri sizi tanap, «Telewizorda aýdym aýtýan Bahar Annaýewa gerek Siz» diýip soranlarynda nähili duýgyny başdan geçirýärsiňiz.

Edil şol wagt däl, şu wagtam duýgulandym. Elbetde bu sözleri eşitmek, gowy öwgülere mynasyp bolmak her bir medeniýet sungat işgäriniň arzuwy. Ilki bilen-ä tolgunardym, şolaryň Seni tanamagy, ejeň, kakaň, doganyň, jigiň ýaly ynsanlaryň Sende mähirli nazarlarynyň eglenmegi has-da halkyň öňünde borçly duýgyny oýarýar. Çünki, şeýle gowy görýän, aýdym-saza uly hormat goýýan muşdaklarym barka näme üçin men olara täze we gowy zähmetim bilen jogap bermeli däl diýen pikir dörärdi we bu pikir meni öz sungatyma has-da höweslendirerdi.Sebäbi Seni şeýle sözler bilen kabul etseler eýýäm seň çekýän zähmetiň ýerine düşdügi, öz saýlan ýoluňda ýalňyşmadygyňy görkezýär. Sebäbi aýdymçylara ähli ýerde-de halk tarapyndan edilýän sylag hormat uly bolýar. Toýlar adamlaryň şatlanýan, öz şatlygyny il-gün bilen paýlaşýan ýeri, ýöne şol ýeriň has hem ruhubelent we toý diýen ada mynasyp bolmagyny gazanmak üçinem aýdymçylaryň, sazandarlaryň orny örän uly bolýar.

Adamda Zehin we höwes bilen ýetilen üstünlikler bolýar. Şu  jümlede Siz nähilli pikirde. Aslynda üstünlik näme?

Üstünlik bu her bir ynsanyň saýlan hünärindäki ýeten  sepgitleri.  Haçanda ynsan öňünde goýan maksatlaryna tarap ýola düşende, ol ýoldaky päsgelçiliklerden baş alyp çyksa, ýeten menzili onuň üstünligi diýip atlandyrylýar.

Zehin – bu her bir adam Hak tarapyndan berilýän iň uly gymmatlykdyr. Bu gymmatlygy elbetde durmuşda ulanyp bilýänem bar bilmeýänem. Haçanda zehiniňi ýüze çykarmak üçin zähmet çekseň üstünlige ýetmek has aňsadyrak. Höwes bu ynsanyň gyzyklanmasy esasynda ýüze çykyp, haýsam bolsa bir zada ýa-da birnäçe zada bolan hakyky ymtylyşydyr. Zehin bolup oňa höwes bolmasa bar zehin şol ynsanda gömülip galýar. Emma zehin bilen höwes ikisi birigende almajak galasy, ýetmejek üstünligi ýokdur.

Aýdymçy hökmünde alanymyzda Zehin şol aýdymçynyň ýüzi, şonuň durmuşdaky ähli üstünlikleriniň özeni bolup biler. Sebäbi zehin şol adamyň hiç ýerde ýüzüni gyzartmaýar, sahnada özüni erkin alyp barmagyna mümkinçilik berýär, özüne ynamly bolýar.

Bahar, ýeten üstünlikleriňizem ýatlap geçseňiz.

Men ilki ýokarda aýdyşym ýaly aýdym aýtmaga çagalygymdan başladym. Ilkinji sahna çykan günüm meniň üçin üstünligiň başlangyjy boldy. Orta mekdebi tamamlandan soň aýdym-saza bolan höwesim meni Kaka etrabyndaky medeniýet öýüne getirdi. Ol ýerde işleýän wagtlarym ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklara aýdymlarym bilen çykyş etdim. 2009-njy ýylda bolsa ýurdumyzda ýylyň ýylyna geçirilýän ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan diýarym» bäsleşigine gatnaşyp ýeňiji boldum. 2009-2015 ýyllar aralygynda «Serpaý» döredijilik toparynda zähmet çekdim. Bu ýerde maňa «Serpaý» döredijilik toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myratgeldi Baýramberdiýew halypalyk etdi. Myratgeldi halypa maňa halkymyzyň aňyna siňen halk aýdymlaryň aýdylyş usullaryny, inçe syrlaryny öwretdi. Men esasy üstünliklere şu topar bilen bile ýetdim diýsem ýalňyşmaryn. Çünki döwlet tarapyndan ýurdumyzda medeniýet we sungat işgärleri diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl eýsem öz milliliklerimizi dünýä sahnalarynda hem ýerine ýetirýäris. Biz topar bolup, 2012-nji ýylda Turkiýa, 2013-nji ýylda Azarbaýjana, 2014-nji ýylda Hindistana, Hytaýa, 2015-nji ýylda bolsa Koreýa döwletlerine öz çykyşlarymyz bilen gitdik we ol ýerde türkmeniň milli medeniýeti bilen dost -doganlyk duşuşyklaryny geçirdik.

2012-2017-nji ýyllar aralygynda ozalky Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk institutynda ýokary bilim aldym. Talyplyk döwrüň adamyň ömrüniň iň gyzykly we dürli pursatlara baý wagty. Talyp wagtymam  aýdym-saz bilen men yzygider meşgullanýardym.

Häzirki wagtda men kompazitor Begenç Hojaýewyň sazlaryna, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň, Kakamyrat Rejepowyň, Gülşirin Hanowanyň, Kerim Hallyýewiň sözlerine täze aýdymlary ýaýlym üsti bilen halk köpçüligine ýetirýärin.

Size halk aýdymlaryny aýtmak golaýmy ýa-da estrada aýdymlary.

Elbetde halk aýdymlar we estrada aýdymlar bularyň ikisi hem özboluşly we täsirli ýol. Halk aýdymlary aýdanda esasy has-da ünsi we zehini köp talap edýär. Çünki ýerine ýetirýän aýdymlarymyzy eýýam bizden öňinçä halypalarymyz ýerine ýetirýär. Eýýäm şol halypalaryň ýerine ýetiren aýdymlaryny ýerine ýetirmek bolsa zähmeti has köp talap edýär. Halypalar bilen köp işleşmeli bolýar, ozalky aýdylan ýazgylaryny diňlemeli we özboluşly aýratynlykda ýerine ýetirmeli bolýar. sebäbi ol aýdymlar eýýäm halkyň aňynda, ýüreginde ýaşap ýören aýdymlar.

Estrada aýdymlar bolsa täzeçe öwüşgin bilen öz başarnygyň esasynda ýerine ýetirip bolýar. kompazitorlaryň bilen maslahatlaşyp öz ýoluň boýunça ýerine ýetirip bolýar. Munda aýdymçy bar bolan mümkinçiligini ulanyp öz ýoluny döredip bilýär. Estrada aýdymlar esasan ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilýär, ol aýdymlarda her bir aýdymçynyň öz sungaty ýaşaýar.

Bahar durmuşda şeýlebir duýgy bar. Ol duýgy üçin ynsan bütin ömrüni bagş edýär. Ol Bagt diýip atlandyrylyp, ählimiziň durmuş meýilnamamyzyň hemrasy. Bu sözüň Siziň durmuşyňyzdaky tutýan orny nähilli?

Awtordan: Men ozallaram birnäçe medeniýet we sungat, senagat işgärleri bilen söhbetdeş boldum. Ýöne men Bahara şu soragy berenimde hasda duýgulandym. Onuň çyn kalbyndan çykaryp beren jogaby meni has-da duýgulandyrdy. Çünki BAGT sözi bilýäs, hemmämiziň durmuş ýörelgämiz. Şu dört harpdan emele gelen söz ynsanyň ruhyna we durmuşyna uly täsir edýär. Biz ata-eneli, dogan-garyndaşly, maşgalaly, perzentli dost-ýarly bolup ömür sürýäs. Bularyň ählisi birbada bolmasa-da, durmuş ýolundaky barýan ýolumyzda bize hemra bolýarlar. Olaryň gadyr-gymmaty bolsa, biziň olara edýän sylag-hormatymyzyň, gatnaşygymyz bilen berkleşýär. Ata-enäniň mynasyp perzendi bolmak we bu ahwaly heniz olar Seniň ýanyňdaka görkezip bilmek bu eýýäm dünýädäki hiç bir zat bilen deňäp bolmajak BAGT. Munuň şeýledigini aýdymçy gyzymyzyň göz ýaşlarynyň astynda beren jogaby arkaly tassyklap bolýar.

― Şaperi dogrudanda, bu söz meň durmuşymda örän uly ähmiýete eýe. Şu wagt bu soraga jogap bermäge başlasym gelýär welin, biraz tolgunýan. Ynsan ýaşan ömründe öz ýeten belent derejelerini, gazanan üstünliklerini töweregindäki ýakyn ynsanlary bilen paýlaşasy gelýär. Çaga wagtyň nähilli göwünjeň bolýaň, täze köýnek ýa-da täze köwüş alsaň goňşularyňa çenli şolary görkezip begenjiňi paýlaşasyň gelýär. Adam ýaşy ulaldygy saýy ol durmuşda öz ornuny tapmaga ymtylýar. Şol niýet bilen hem aňsat we kyn ýollardan dürslükde, özüniň halal zähmeti bilen netije gazanýar. Ol netijä diňe Sen däl, bütin maşgala bolup begenýärsiň. Seň üstünligiňe buýsanýan hossarlaryňy göreniňde Sen iki esse begenýärsiň. Şu bagtly pursatda mähribanlaryň gujagyna dolup, olaryň maňlaýyňdan öpmeklerini isleýärsiň. Indiki işleriňede üstünlikleri dilemegini isleýärsiň. Ynsanyň şol islegi kanagatlananda bolsa, ençe wagt bäri yzyndan ylgaýan bagtyň özi seniň gujagyňa dolýar, we hemişe seniň ýoldaşyň bolýar.Ýöne durmuş bu. Men bu zatlary aýtmak bilen saýtyň okyjylaryna, ähli deň-duşlaryma maslahat beresim gelýär. Heniz ýakyn mähribanlaryňyz sizi ýanyňyzda ýaşaýarka olaryň gadyr-gymmatyny biliň we mynasyp perzent bolmak meýliňizi gijikdirmäň. Her bir perzende ata-eneli durmuşdan, her bir ata-enä perzendiniň bagtyna guwanmak pursadyndan gaýry BAGT ýokdur.

Bahar siz durmuşyňyzdaky islendik meseleriňizde kim bilen köpräk syrdaş bolýaňyz?

Elbetde adam ýaşaýyşda ömür ýoluny dowam edýärka onuň şatlykly we gamly günleri hem bolmany duranok. Aslynda adamy durmuşyndaky kynçylyklar, päsgelçilkler taplaýar, terbiýeleýär. Her pursatda-da adam kimdir biri bilen syrdaş bolup, ýüregindäkilerini aýtmaga mynasyp syrdaş gözleýär. Hamana şol zatlary aýtsaň, ähli derdiň ýeňlejek, kynçylyklaryň ýok boljak ýaly duýýar. Kä ýagdaýda bu pikir dogry hem bolup biler.

Men şeýle ýagdaýa düşenimde joram Senamjan bilen gürleşýän. Ol meň eýýäm näçe ýyldan bäri bir-birimize syrdaş jora hökmünde garaýarys. Ähli ýagdaýda ol meň bilen, men bolsa onuň bilen maslahatlaşanymyzy kem göremizok.

 

Ak atly Şazada däl-de, ak ýürekli Türkmen ýigidi

Ömür ýoluňyzda nähili häsiýetli ýigit siziň  durmuş ýoldaşyňyz bolmagyny isleýärsiňiz?

Bu sowala men şeýleräk jogap beresim gelýär. Durmuş ýoldaş diýmek bu seniň ömrüňe many berjek, Seň durmuşyňa, käriňe, esasanam geljegiňe täsir etjek ynsan diýip göz öňüne getirýärin. Onuň häsiýeti kim bolsa-da ilki bilen adamkärçilik sypaty belent bolmagyny, düşünjeli, maşgalasyna wepaly, esasanam gabanjaňlyk häsiýetinde çäkli ynsan bolmagyny isleýärin. Biz aýdymçylar mydama il-günüň nazarynda bolýarys. Şonuň üçin şol ýagdaýlara düşünýän, biziň durmuşdaky saýlan kärimize dogry düşünýän ynsan bolmagyny arzuw edýärin. Ak atly Şazada däl-de, ak ýürekli Türkmen ýigidiniň bolmagyny isleýärin.

Bahar geljekdäki aýdym-saz älemindäki maksatlaryňyz, muşdaklaryňa arzuwlaryňyzy beýan etseňiz.

Geljekde-de  täze aýdymlar bilen halkymyza hyzmat etjekdigime ynandyrasym gelýär. Muşdaklaryma bolsa janlarynyň sag, maşgala ojaklarynda agzybirlik, döwletlilik ýar bolmagyny, mydama ýurdumyzda toý –baýramlar bolup, bagtyýar çaga sesleriniň belentden ýaňlanmagyny arzuw edýärin.

Bahar, biziň döredijilik toparymyz bilen guran söhbetdeşligimize gatnaşyp beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Janyňyz sag, medeniýet, sungat äleminde mertebäňiz mundan-da beýik, abraýyňyz uly, sesiňiz belentden belent ýaňlansyn!

 

Söhbetdeş bolan:

Şaperi OTUZOWA.

 

 

Bahar Annaýewa. Şahsy maglumatlary:

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda 1989-njy ýylyň 18-nji iýunynda dogulan.

Gowy görýän naharlary: palow, çorba.

Boş wagtlary otag güllerine seretmegi gowy görýär.

Sada we milli lybaslary geýmegi halaýar.

Gowy görýän reňki açyk reňkler. Esasanam gülgüne.

Daşary ýurtlardan: Türkiýe döwletine syýahat etmegi halaýar.

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

 

Gyzykly bolup biler!

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Saýtymyzdaky habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda