30/11/2020 7:08
Home ESASY HABAR “Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik. Siz ol Foto habary şu ýere basyp görüp bilersiňiz!

Indi bolsa hormatly Okyjylarymyz üçin ýörite taýýarlan Wideo habarymyzy we Foto Habarymyzy Size ýetirýäris.

 

Wideo Habar

Wideo habary saýtymyzyň resmi You Tube kanalyndan  şu ýere basyp tomoşa edip bilersiňiz!

 

Geliň indi bolsa  “Garagum ýalkymynyň” täsinlikleri barada gysgaça maglumatlary täze çekilen Foto suratlar bilen Siziň dykgatyňyza ýetireýliň!

Derweze irki döwürlerde gazylyp alynýan peýdaly baýlyklara hem baý ýer. Derweze sebitinde tebigy taýdan arassa kükürdi gazyp almak işi amala aşyrylypdyr. 1929-njy ýylda Derweze ýaýlasynda kükürt zawodynyň düýbi tutulypdyr.

Mundan başga-da, geologlar tarapyndan gaz käniniň hem üstünden barlypdyr. Bu ýerlerde ylmy-barlag işleri geçirilip, buraw işleri amala aşyrylypdyr.

Buraw işleri geçirilen pursatynda garaşylmadyk tebigy hadysa emele gelipdir. Göz-açyp ýumasy pursatda çuň guýy emele gelipdir. Onuň çuňlugy 20 metre, giňligi 60 metre barabardyr.

Okap bilersiňiz  Žurnalistleriň arasyndaky II Şaşka ýaryşy Aprelde

Geologlar daş-töwerege gaz ysynyň ýaýrap başlandygy duýup, gazyň düzümindäki zäherleýji maddalar janly-jandara zeper ýetirmez ýaly, onuň ýakylýandygyndan ugur alyp, ony ýakmak babatda karara gelnipdir. Şeýlelikde ol müdimi ýanýan oda öwrülipdir.

Häzirki wagtda “Garagum ýalkymy” ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Guýuda ýanýan oduň alawynyň 10-15 metr belentlige galýandygyny ony synlamaga gelýänlerde örän täsin duýgulary döredýär.

Tebigy ýanýan “Garagum ýalkymy” Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan 270 kilometr daşlykda, Ýerbent obasyndan, takmynan, 90 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Bu ýerde türkmen alymlary indi 50 ýyldan bäri ylmy-gözleg işlerini alyp barýarlar.

2013-nji ýyldan türkmen hünärmenleri kanadaly kärdeşleri bilen bilelikde 500 derejedäki gyzgynlyga çydamly ýörite enjamlary ulanyp, krateriň düýbüne düşüp, ylmy-gözleg işlerini amala aşyrdy.

Okap bilersiňiz  Täze sanawda üýtgeşmeler bar

Onuň düýbünden alnan topragyň düzümini öwrenmek arkaly adaty tebigatda ýaşamaga ukypsyz, diňe aýratyn şertlerde ýaşaýan janly bakteriýalaryň bardygy ýüze çykaryldy. Bu tapyndy astrobiologiýa ylmy üçin örän wajypdyr. Gün ulgamyndan daşardaky planetalarda ýaşamak üçin bar bolan şertler şu ýerdäki gaz krateriniň şertlerine meňzeşdir.

Okap bilersiňiz  Uçarda <> gadagan

Ýarym asyrdan bäri sönmän ýanyp duran krater dünýä jemgyýetçiliginde-de uly gyzyklanma döretdi. Dünýäniň köp sanly internet neşirlerinde bu barada makalalar çap edildi. Galyberse-de, durmuşda gezip görmegi maslahat berilýän esasy syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrüldi.

Söhbetdeşlik okap bilersiňiz!

Gülälek Gulmyradowa:Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

“Kyrkgyz “gowagy baradaky Wideo Habarymyz

Täsin tebigy gowaklaryň biri bolan Bäherden etrabynyň çäklerindäki “Kyrkgyz” gowagy hemmeler üçin  gyzykly bolsa gerek.

Jemi 9 minutdan gowrak bolan ajaýyp wideo habary dolulygyna `Atavatan Turkmenistan` You Tube kanalyndan tomaşa edip bilersiňiz! Wideo dolulygyna iň  You Tube kanalymyza ýerleşdirildi.

You Tube kanalymyz üçin şu linke basyp girip bilersiňiz!

Size şeýle hem  Kyrkgyz gowagyndan ajaýyp pursatlara degişli fotosuratlary şu linkden görüp bilersiňiz!

Üns beriň bäsleşik!

Jemi 25 Baýrak Size garaşýar: Bäsleşik dowam edýär

Bäsleşik barada Wideo habara YouTube hasabymyzdan şu ýere basyp tomaşa edip bilersiňiz!

 

Saýtymyzdaky habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň! Ýa-da Google Plaý-dan “Atavatan Turkmenistan” gözleg edip bilersiňiz.

 

Okap bilersiňiz  Ýeňijilere jemi 10.500 Türk lirasy: Döredijilik bäsleşigi

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Okap bilersiňiz  Uçarda <> gadagan
Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. 1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Çempionlar ligasy: “Atalanta”, “Real” ýeňiş gazandy

Çempionlar ligasynyň 4-nji tapgyr oýunlarynyň netijeleri bilen tanyşdyrýarys. “Borussiýa Mýunhengladbah 4:0 Şahtýor” Lars Ştindl 17’ (P) Niko Elwedi 34’ Embolo 45+1’ Oskar Wendt 77’ “Borussiýa Mýunhengladbah” futbol topary, çempionlar ligasynyň...

Dünýäniň iň owadan guşlary

Biziň planetamyzyň gözel tebigatynda, dagdyr-düzlüklerinde örän ajaýyp janly-jandarlara gabat gelmek bolýar. Olaryň arasynda iň naşyjasy bolsa, elbetde guşjagazlardyr. Olardan: Wilsonyň jennet guşy Ajaýyp reňki bilen belli bolan...

Amyderýa Hazynasynyň Syry

Gözlegler  we  açyşlar Gadymy  Gündogaryň  taryhynda  aýratyn  orna  mynasyp  bolan  zergärçilik  sungatynyň  nepisligi, sünnäligi  bilen  tapawutlanan  nusgalary  adamzat  geçmişiniň  bütin  dowamynda  özüniň  kämillik  ýoluny  geçipdir....

Aman Kekilowyň eserlerinde “mugallym” we “mugallymçylyk” düşünjeleri

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. Şahyr, ýazyjy, alym Aman Kekilowyň türkmen edebiýatynda özboluşly yz galdyrandygy bellidir. Onuň şygyr setirleri bilen bezelen “Söýgi”...