30/11/2020 6:52
Home ATAWATAN ESERLERİ Watana bolan söýgi mukaddesdir

Watana bolan söýgi mukaddesdir

Watan diýmek näme? Megerem bu soraga her kim özüçe jogap berýändir. Watan diýlende gözümiziň öňünde ilki bilen her bir ýurduň tebigaty, daglary, çölleri, mawy asmany  göz öňüňe gelýär. Her bir ynsanyň özüniň önüp – ösen ýeri örän gadyrly bolýan eken. Watan diýlende biziň gözümiziň öňüne türkmen sähralary, dag-gerişleri,  bäş welaýaty daşyna üýşürip oturan Garagum sähralygy we elbetde gün günden gülleýän, gül açýan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri emele gelýär. Watan düşünjesi mukaddes düşünje. Watanyňy janyňdan eziz görmek onuň her daban ýerini gözüň göreji ýaly, aýap saklamak her bir ynsanyň borjy hasaplanýar. Islendik ynsanyň kalbynyň töründe Watana bolan belent we mukaddes söýgi bolýar. Sen nirede bolsaň-da ýüregiň şol mukaddeslige tarap ymtylýar.

“Müsürde şa bolandan öz iliňde geda bol” diýen nakyl hem ýöne ýerden döremändir. Gaýry ýurtlarda nähili eşretli durmuşda ýaşasaňam öz iliňe taý geljek ýer ýokdur. Watan diýlen söz türkmenlerde has belentde tutulýar. Taryha nazar salsak, ata-babalarymyz öz Watany üçin janyny orta atyp  söweşipdirler. Türkmeniň gerçek ogly Jelaleddiniň Meňburnyň keşbine ýüzleneniňde hem muny görmek bolýar. Beýik türkmen serkerdesi öz Watanyny duşmanlardan goramak üçin on bir ýyllap söweşipdir. 1941-1945-nji ýyllaryň beýik Watançylyk urşunda türkmenleriň uruşda we tylda görkezen edermenlikleri-de olaryň Watanyny näderejede ezizländigini aňladýar.

Okap bilersiňiz  Gizlin söýgi

Döredijilik ynsanlarynyň islendigini alyp görenimizde bolsa olaryň döredýän eserlerinde eger ol Watan hakda bolsa olarda başgaça öwüşginli jady bolýar. Ol ynsanyň kalbyňdaky Watana bolan beýik  duýguny has-da belende göterýär. Islendik şahyry ýa-da ýazyjyny alyp görenimizde, olaryň Watan barada döreden eserleri örän çeper beýan edilýär. Kompozitory mysal getireniňde hem şeýledir. Sebäbi olar eser döredenlerinde ýüregindäki Watan düşünjesini özleriniň dürdäne eserlerine siňdirýärler.

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr”, “Bitarap Türkmenistan”, “Mertler Watany beýgeldýär” atly dürdäne eserlerinde Watan diýlen mukaddes düşünje ör boýuna galýar.  Gahryman Arkadagymyzyň ýazan her bir eseri Watany ýürekden söýýän ynsany biparh goýup bilmeýär. Çünki Watan düşünjesi bu eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Munuň özi bolsa beýik mukaddeslik hasaplanýar.

Okap bilersiňiz  Üstünligiň formulasy

 

   Aýlar Atajykowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Okap bilersiňiz  Armanly söýgi

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

 

 

 

Okap bilersiňiz  Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi
Previous articleSöýgi täsirli derman
Next articleGaraşmak

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Okap bilersiňiz  Ýewropa çempionatynyň ykbaly
Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. 1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Hususy telekeçileriň dykgatyna: Pensiýa gatançlary

«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar – hususy telekeçiler, hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi...

Horasanyň tutýan territoriýalary

“Horasan Ýurdunyň Geçmişinden” atly makalamyza dowam edýäris. Özünden ozalky taryhçylaryň, geograflaryň synlaryny ýatdan bilen alym Horasanyň 4 bölege bölünýändigini teswirleýär: Iranşahr-özüne Nyşapur, Kuhistan, Tabaseýn,...

Türkmenistan bilen Owganystan täze aragatnaşyk ulgamy bilen birleşer

Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda çekilýän optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň täze bölegi ulanmaga berilmäge taýýar edildi. Bu barada Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň...

Syýahatçylar çäklendirmelerden azat

Türkiýede daşary ýurtly syýahatçylar dynç alyş günleri üçin girizilen köçä çykmak gadagançylygyndan azat edildi. Olar ýerli raýatlaryň öýde oturmaly wagtynda kireýine alan ulaglary bilen...