27/10/2020 14:25
Home ATAWATAN ESERLERİ               Watan-başymyzyň täji

              Watan-başymyzyň täji

      Watan! Bu söz, gör nähili ýakymly! Bu sözde giden bir many ýatyr. Bu sözde asudalyk, abadanlyk,      agzybirlik, dostluk bar.
Ir säher bilen gyzaryp dogup gelýän Gün Zemine gözellik bolup eçilýär. Gözelligi bilen eçilýän şol Gün Zemini öz mähri bilen ýyladýar. Säher bilen şol täsinligi synlan her  bir ynsanyň kalbynda Watan söýgüsi oýanýar. Bu ynsanyň öz Watany bilen bir jan, bir tendiginiň alamatydyr.
Watanymyzyň tebigatynyň görküne görk goşýan hatar – hatar binalary, seýilgähleri, baglary, şirin sesli saýraýan guşjagazlary, asmana sary uzaýan daglary, daglardan şildiräp akýan çeşmeleri  synlanyňda           kalbyň heýjana gelýär. Biz hemişe şeýle asuda asmanly, ýaşyl Tugly, parahat ýurtda ýaşaýandygymyza diýseň begenýäris.
Garaşsyz Bitarap Türkmenistan Watanymyz parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşleriň mekanydyr.
Bu günki gün döwlet baýdagymyz üstünlikleriň buşlukçysy bolup, al – asmanda parlaýar. Şeýle üstünlikler köňlümizi  galkyndyrýar, Watana bolan söýgimizi ösdürýär. Türkmenistan Watanymyz öz Garaşsyzlygyny alandan soňra birnäçe ýyldan Bitaraplyga hem eýe boldy. Şol günden soň Watanymyz dost – doganlygyň, ösüşiň hem-de parahatçylygyň dünýä şuglasyny çaýýan, ynsanperwerlikli taglymatlaryň ganat ýaýýan
Diýaryna öwrüldi. Onuň alamaty bolsa, Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşen Bitaraplyk binasynda jemlenendir. Watanymyz Bitaraplygyna eýe bolan gününden başlap,  doganlyk  halklarynyň gelýän ýerine öwrüldi. Bu bolsa Watanymyzyň halkara derejesiniň beýikdigini, doganlyk halklarynyň arasynda abraýynyň belentdigini aňladýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan ösüşler,
ýetilen sepgitler sanardan kän, olary ýatlaňda kalbyňda Watana, ene topraga bolan söýgiň, mähriň artýar. Diýarymyzyň dürli künjeginde birnäçe desgalaryň bina edilmegi bilen obalaryň, şäherleriň keşbi  düýpgöter üýtgeýär.Garaşsyz Bitarap Türkmenistan Watanymyzda şol alnyp barylýan özgerişlikler mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň ýatandygy türkmen halkyny diýseň buýsandyrýar.
Ata – babalarymyzdan gaýdan agzybirlik, dost – doganlyk ýörelgeleri bu gün bütin türkmen halkyny agzybirlige, dost – doganlyga çagyrýar. Bu gün Watanymyzy hem-de merjen şäherimiz Aşgabady, taryhy ýadygärliklerimizi görmäge, synlamaga gelýän jahankeşdeler, syýahatçylar örän köp. Watanymyzyň ajaýyp ýerleriniň biri bolan jennet mekan saýylýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, ak mermere beslenen Aşgabat özüniň ajaýyp binalary bilen dünýä jahankeşdelerini haýrana goýýar. Türkmen halkynyň myhmansöýerligi, ýurdumyzyň asudalygy, parahatçylygy şol syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Türkmen şahyrlary hem Watanymyzyň agzybirligini, asudalygyny arzuw edip gelipdirler. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy hem öz Watanynyň agzybirligini, bir bitewi döwlet bolmagyny isläpdir. Onuň isleglerini “Berkarar döwlet islärin” diýen setirlerinde görmek bolýar. Indi ata –     babalarymyzyň Garaşsyzlyk, berkararlyk hakdaky ajaýyp arzuwlary durmuşymyza, geljegimize nur çaýýar.
Ata – babalarymyz has gadymy döwürlerden bäri Watanyny, ene – topragyny gorap saklapdyrlar, olar Watany üçin janyny gaýgyrmandyrlar. Bu pikirler biziň günlerimize gelip ýeten eposlarda, dessanlarda, çeper eserlerde beýan edilýär.
Biziň türkmen döwletimiz baý şäherleri, nepis türkmen halylary, ajaýyp şaý – sepleri, behişdi bedewleri bilen dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran ýurtdur. Biziň günlerimize gelip ýeten şol ajaýyp milli miraslarymyz biziň ruhy baýlygymyzdyr. Mähriban Arkadagymyzyň milli mirasymyzy öwrenmäge döredýän mümkinçilikleri biziň her birimizi guwandyrýar.
Watanymyzyň asuda asmanynda parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderileriň erkana ganat  ýaýyp,  hoş owaz edişleri göwnüňi göge göterýär. Bu bolsa Watanymyzyň parahatlygyndan nyşan. Şahyrlarymyz
şygyrlarynda, bagşylarymyz aýdym – sazlarynda, suratkeşler öz surat eserlerinde  asuda asmanymyzyň bezegi bolan şol ak kepderileri parahatçylygyň nyşany hökmünde wasp edýärler.
Goý, ata Watanymyzda hemişe asuda asmanyň astynda, parahat Zeminiň üstünde asudalyk, parahatlyk höküm sürsün! Bize okamaga, öwrenmäge, döretmäge, Watana bolan söýgimizi has-da artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

Gurbanbagt Nuryýewa,

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň

daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen

2-nji orta mekdebiniň okuwçysy

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  «Apple» dükanlary gaýtadan açylýar
Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Habib Nurmagomedowyň çempionlyk ýeňşi

Ýeňil agramda UFC ýaryşynyň çempiony hasaplanýan Russiýanyň dagystanly türgeni Habib Nurmagomedow amerikaly garşydaşy Jastin Getžini ýeňdi. Şeýlelikde Habib UFC çempionlyk derejesini gorap, ol sport...

2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň önümçilik senenamasy taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi 2021-nji ýylyň önümçilik senenamasyny işläp taýýarlady. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär. Resminama görä, ş wagtynyň ölçegleri 8...

Türkmenistanyň Prezidenti: «Öňüni alyş diplomatiýasy – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň aýrylmaz bölegidir»

Türkmenistan - bu Merkezi Aziýanyň bir döwletidir.  Şu gün bu sebit halkara jemgyýetçiliginiň aýratyn ünsüni özüne çekýär.  Bu ýerde dünýänyň köp ýurdunyň geosyýasy we...

“Commerzbank”: Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Germaniýanyň “Commerzbank” bankynyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Germaniýanyň “Commerzbankynyň” şahamçasynyň...