30/10/2020 11:42
Home ATAWATAN ESERLERİ Tötänleýin duşuşyk

Tötänleýin duşuşyk

Ýaz paslynyň dynç alyş günleriniň birinde men gözel paýtagtymyzyň seýilgähleriniň birinde goşgy okap otyrdym. Günorta golaýlap gaýtmaly bolanymda, şol kitap okap oturan ýerimde özümiň köneje gündeligimi goýup gaýdypdyryn. Köp wagt geçmänkä gündeligimiň ýoklugyny bilip şol oturan ýerime geldim. Meniň oturan ýerimde bir gelin otyrdy. Onuň elinde bolsa meniň köneje gündeligim bardy. Ýöne onuň näme üçindir meniň gündeligimi okap gözleriniň ýaşyny süpürýäni meni geň galdyrdy. Ol gündelikde meniň synpdaşlarym bilen ilkinji okuwa baran pursatlarym, başdan geçiren ilkinji wakalarym ýazylgydy. Men “Bu şol wakalary okan bolara çemeli” diýip içimi gürletdim. Gündeligimde şeýle bir waka bardy.

”2005-nji ýylyň tomus aýlarydy. Bu ýyl meniň üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boljakdygyny men heniz 7 ýaşym dolmasa hem bilýärdim. Sebäbi ilkinji gezek mekdebe aýak basmagyň nähili begençli ýagdaýdygyny ejem maňa gürrüň beripdi. Meni okuwçylaryňky ýaly egin başymda görmäge, meniň elimden tutup ilkinji synpa alyp gitmäge ejem menden beter howlugýardy. Ine, hä diýmän tomus ahyrlap gyssanylýan gün hem gelip ýetdi. Ejem meni täze okuw ýylyna täze egin eşiklerimi geýdirip mekdebe alyp geldi. Obamyz uly bolansoň men synpdaşlarymyň hemmesini tanamaýardym. Synpymyzdaky öňki bile oýnaýan oglanlarymy tanaýmasam başga oglanlar meniň gören ýüzüm hem däldi. Gyzlaryň içinden hem diňe goňşymyz Şirinden başga hiç kimi tanamaýardym. Ýöne meniň gözüme gyzlaryň içinde biri has-da özüne çekiji görünýärdi. Ol gyzyň ýaňajygynda meňi ýüzüne görk berýärdi. Ol gyz hem meniň goňşum Şiriniň elinden tutup, onuň bilen nämedir birzatlar pyşyrdaşyp gülüşip durdy. Meniň ilkinji mugallymym Meret mugallym biziň synpda oturmaly ýerimizi belläp başlady. Synpyň ortaky setiriniň iň öňündäki partanyň üstüne ýaşyl mata tutulyp onuň hem üstüne aýna goýulandy. “Bu ejemiň gürrüň berýän synpyň iň ökde okuwçylarynyň partasy bolsa gerek” diýip içimi gürledip durşuma “Medet Meýlisow” diýip meniň adymy okamagy meniň pikirimi böldi. Mugallymyň “Siz şu ýerde oturyň” diýip, görkezýän partasy hem hut şol partady. Ýerime geçip oturanymda ejemiň öňküden hem begençli gözlerine gözüm düşdi. Soňra mugallym “Medine Amanowa siz şu ýerde oturyň” diýip, meniň gapdalymdaky boş ýere elini uzatdy. Meniň ilkinji partadaşym boljak gyzyň kimdigi meni diýsen gyzyklandyrýardy. Öz kiçijek ädimleri bilen özüniň ilkinji ýerine tarap ýöräp başlan gyz hälki goňşum Şiriniň ýanyndaky görmegeý gyzdy. Ol maňa çalaja “salam” diýdi-de ýerine geçip oturdy. Utanmadan, aljyramadan ýaňa “salam” diýen sesim hyrkyldyly çykdy. Mugallym ähli klasdaşlarymy ýerli-ýerlerinde oturtdy. Ene-atalar öýlerine gaýtdylar. Mekdebe giden ilkinji günlerim meniň üçin ýatdan çykmajak günleriň iň gyzyklysy boldy. Synpdaşlarym bilen tanyş bolup, olar bilen gülşüp wagtyň nähili geçenini hem bilmän galypdyryn.

Okap bilersiňiz  ÝB we Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň onlaýn duşuşygy

Sapak gutardy. Hemmeler öýlerine gaýtdylar. Meniň tizräk öýe baryp ejeme ilkinji günüm barada gürrüň beresim gelýärdi. Onuň gözlerindäki şatlygy ýene bir gezek görmäge diýseň gyssanýardym. Edil pikir edişim ýaly hem boldy. Ejemiň şatlykdan doly gözlerini görmek, meniň hem gözlerime şatlyk çaýdy. Şol gün agşam hemmeler ýatsa-da meniň gözüme uky gelmedi. Ertirki okuwa diýseň howlugýardym. Bu günki başdan geçirenlerimi ýatladym. Esasan hem maňa partadaşym Medinäniň ýylgyryp salam beren pursady meni ukydan alyp galýardy. Men ertir mekdebe baryp onuň bilen ýene salamlaşmaga diýseň gyssanýardym.

Okap bilersiňiz  Üstünligiň formulasy

Aradan 6 ýyl geçdi. Geçen 6 ýylyň içinde Medine bilen diňe bir partadaş bolman, eýsem syrdaş dost hökmünde gatnaşýardym. Onuň owadanlygy, salyhatlylygy, akýürekliligi meniň ýüregimde söýgi döretdi. Ol söýgini bolsa goňşum Şirinden başga hiçkim bilenokdy. Şirin birnäçe gezek söýgimi Medinä aýtmagymy hat-da haýyş hem edipdi. Ýöne Medinäniň maňa dosty hökmünde ynanyşy meni oňa söýgimi duýdurmagymdan alyp galýardy.

Emma bir gün agşam ýüregimi daşa baglap Medinä söýgi hatyny ýazdym. Okuwa baranymda bereýin diýen niýet bilen okuw sumkama salyp goýdum. Şirin goňşum bolansoň biz mekdebe bile gidýärdik. Ine bu gün hem hemişekiler ýaly boldy. Men Şirine çekine-çekine Medinä söýgi hatyny ýazandygymy aýtdym. Ol begener öýtdim. Emma onuň tersine gözüne ýaş aýlanan Şirin maňa “Muny saňa Medine ugratdy”diýip, bir hat uzatdy. Özi bolsa “Kän aýtdym men saňa, indi giç” diýen manyda meniň ýüzüme seredip gaşyny çytdy-da çalaja kellesini yralady. Men gyssanyp haty açyp okadym. Hatda “Salam Medet men maşgalam bilen şähere enemlere gitmeli boldum. Indi görüşerismi  ýa görüşmerismi bilemok, ýöne görüşmesek hem meni ýadyňdan çykarmagyn. Men seni hiç haçan ýadymdan çykarman. Özüňe gowuja seret. Sagbol.” diýen ýazgylar bardy. Şu wagt meniň halyma Şirinden başga düşünýän ýokdy. Medinäniň düýnki: “Menden birzat gizleýäňmi? Men seniň syrdaş dostuňdyryn, menden hiçzat gizlemegin” diýen sözlerini ýatlap oturşyma, gözlerime ýaş aýlanymy duýman galypdyryn. Ondan soň köp ýyl geçdi. Mekdebi tamamlanyma hem 4 ýyl boldy. Men ony heniz hem göremok.”

Okap bilersiňiz  Söýgi dünýäniň sallançagydyr

Belki meniň başymdan geçiren bu wakam  ol geliniň gözünde ýaşyň döremegine getiren bolsa gerek. Soňra ol gelin göz ýaşyny süpürip, gündeligi ýapdy we ýerinden turup ýuwaşlyk bilen ýöräp başlady. Men onuň yzyndan: “Bagyşlaň bu gündelik meniňki bolmaly, men ony şu ýerde galdyrypdyryn” diýdim. Ol ýuwaşlyk bilen yzyna seretdi. Onuň ýaňagyndaky meňi, owadan ýüz keşbi maňa kimdir birini ýatlatdy. Men öz içimden “Bu şool Medine bolsa gerek” diýip pikire çümüp oturşyma onuň  özi “Medet senmi?” diýip, dillendi. Men doňup galdym. Bu tötänleýin duşuşyk meni ýyldyrym çakandan kem etmedi. Ony şu pursat begenjimden bagryma basasym gelýärdi. Ýöne onuň başyndaky ýaglygy, meniň bolsa elimdäki nika halkam meni bu hereketlerden alyp galdy. Medine maňa “Medet men saňa ynanýardym ahyry, näme üçin menden syr sakladyň, sen şol wagt aýdan bolsaň belki käbir zatlar başgaça bolardy” diýip, meniň gözlerimiň içine seretdi-de dogumly gepledi. Men bolsa häzir onuň ýüzüne-de seredip biljek däldim. Men özümi onuň öňünde gaty günäli duýýardym. Şonuň üçin hem oňa “Bagyşla meni Medine” diýip, ýuwaşlyk bilen oňa tarap ýöräp başladym. Birdenem “Eje-eje kakam bize garaşýar” diýen sesi eşidip ýene saklandym. Ol kiçijek 2-3 ýaşlyja oglanjyk ylgap gelişine Medinäniň aýaklaryndan gujaklady. Medine “Alyň bu siziňki bolmaly” diýip, elindäki gündeligi maňa uzatdy. Soňra Medinäniň “Ýör Medetjan gideli, kakaň köp garaşdyrsak gaharlanar” diýen sözüni eşidip endamym tikenekläp gitdi. Men öz ýanymdam: “Ol meniň üçin öz ogluna meniň adymy dakypdyr, men bolsa ondan ýüregimdäkileri gizledim” diýip, ykbalyň öňünde özümi günäkär saýdym.

Okap bilersiňiz  Sanly ulgamda üstünlik gazan
Okap bilersiňiz  Ýurduň çäginde doglan ähli çagalaryň dogluşynyň bellige alynmagy

 

Meýlis Gurbangeldiýew,

Harby institutyň 5-nji ýyl talyby.

 

 

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  «Apple» dükanlary gaýtadan açylýar
Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Okap bilersiňiz  Kämillikden üstünlige

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...

Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi

Meniň pikirimçe söýgi -bu adamy synagdan geçirýän iň bir ajaýyp duýgularyň biridir. Ol öwgi aýdymlary aýdylýan we asyrlar boýy her dürli rowaýatlardyr, hekaýalary özünde...

Daşyndan açylmaýan gapy

(hekaýa) “Gyzly öýe kyrk at baglanar”  “Paýhas çeşmesi” Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Baggoýun

Uruş tamamlanyp, il-bendäniň garny galyp, eşigi bitip, gaýgy-gamy böwşeňläp ugranda, özüni oňarýan, agzynyň tagamyny bilýän çarwa milleti her ýylyň güýz gyrkymyndan soňra, ondan öňrägem,...

Ýeňişleriň has ulusynyň öňdedigine ynanýaryn

Paýtagtymyzyň gözel seýilgähleriniň birinden  güýz paslynyň saralan ýapraklarynyň sadaja öwüsýän şemala özboluşly bir ses edip, kalbyňy heýjana getirýän sazlaşykly simfoniýasyna maýyl bolup, dünýäni undup...

Täze “super” ak reňk tapyldy

Amerikanyň “Perdýu” adyndaky uniwersitetiniň hünärmenleri 95,5% göterim Gün şöhlelerini serpikdirmäge mümkiçlik berýän, aşa ýokary hilli ak boýagy döretdiler. Boýagyň düzüminde kalsiý karbonatyň saklanmagy täze...

2021-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasy makullandy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleler bilen bir hatarda 2021-nji ýylyň Döwlet býujetiniň...