30/11/2020 6:19
Home ATAWATAN ESERLERİ Söýgüniň üç görnüşi

Söýgüniň üç görnüşi

Masumi Toмotoma atly bir ýapon ýazyjysy: “Dünyäde söýülmek islemeýän adam ýok ýaly”.
– “Emma söýgi näme, nirede peýda bolýar, bilemizok?” Size düşündirmäne çalyşaýyn:
-“Söýgi üç dürlidir!..”
Birinjisiň ady “Eger” görnüşli söýgi!..

Mysal getirýän: Eger gowy bolsaň  eneň-ataň seni söýer. Eger akylly we döwlete, millete gerekli biri bolsaň, seni söýerler. Eger ýoldaş bolup meniň dertlerimi hem çekseň, seni söýerin. Toýotoma “Iň köp duş gelýän söýginiň görnüşi budur” diýýär. Bir şerte bagly söýgi… Belli bir garşylyga, netijä garaşýan söýgi…”Söýýän adamyň isleýän zadynyň garşysyna ýa-da ýerine bir garşylyk garaşylýan söýgüniň görnüşi bu”.

– ” Maksady söýgi emma garşylygyna bolsa bir zat gazanmakdyr”.  Gurulýan maşgalalaryň köpüsi “Eger” görnüşli söýginiň netijesinde gurulandygy üçin dargaýar.  Ýaşlar biri-birileriniň şol wagtky hakyky hallaryna däl, hyýalyndaky fantastik görnüşli romantik hadysalaryna aşyk bolýarlar we şol hadysalara duçar bolýarlar. Hyýaly hadysalar hakykat ýüzüne geçmedik wagty hem, ýenede hyýal etmäne başlarlar. Netijede hyýallar amala aşmadyk saýyn Söýgi gitdigiçe gahar-gazaba aýlanýar.

Bir oglanjyk ýokary okuw jaýynyň giriş synaglaryndan geçip kakasyny begendirmek üçin örän köp okaýardy. Emma giriş synaglaryndan geçip bilmeýär. Kakasynyň ýüzüne bakmana bolsa haly ýokdy. Gaýgylaryny biraz hem unutmak üçin bir hepdelik işlemäne gidýär. Öýüne dolananda kakasy gahar bilen “giriş synaglaryndan geçip bilmediň. Üstesinede hem utanman aýtman-diýmän hepdeläp ýitip gidýäň” diýip gygyrýar. Oglanjyk “ Kaka, siz hem gamgyn wagtyňyz şeýle edeniňizi aýdypdyňyz” diýýär.  Kakasy has hem gaharlanyp ogluna käýeýär.

– “Oglanjyk kakasynyň özüne bolan söýgüsiniň garşylygyna bir zatlary garaşýandygyny düşünüpdi”. Adamlar “Eger” görnüşli söýgüniň içinde hem başga söýgä garaşýarlar aslynda… “Bu söýgüniň barlygyny we nirede başlaýandygyny bilmek örän kyn. Söýýän adamymyz bizden oňa garşy islendik bir zatlary bermegimize garaşýar” diýýär, Masumi Toýotoma. Geň dälmi? Eger söýseň… Hawa, bizden söýgüsiniň garşysyna bir zatlary garaşýan görnüş bu.

Okap bilersiňiz  “Söýgi satylmaýar”

Ikinji görnüşe geçýäriz: “Sebäbi” görnüşli söýgi…

Toýotoma bu görnüşdäki söýgini şeýle düşündirýär: “Bu görnüşdäki söýgüde ynsan bir zada eýe bolanda, gazananda ýa-da islendik bir zady amala aşyranda söýülýär. Ynsany başga biriniň söýmegi onuň islendik bir zada eýe bolmagyna ýada elde etmegine baglydyr.”.

Mysal getireýinmi?.. “Seni söýýärin. Sebäbi owadansyň”, “Seni söýýän. Sebäbi sen meşhursyň, abraýly, tanymal…”, “Seni söýýän. Sebäbi sen maňa şeýle bir ynanýaň…”, “Seni söýýän. Sebäbi sen meni üsti açyk ulagyň bilen ýatdan çykmajak ýerlere alyp gidýäň…”.

“Eger” görnüşdäki söýgi bizden garşylyk bir zada garaşýar. “Sebäbi” görnüşindäki söýgüde bolsa garşylyklaýyn zada garaşanokda, bizdäki bar zatlarymyz üçin söýýä. Söýülýäs..

Okap bilersiňiz  Söýgä nazaryýet – ylmy amalyýet

Emma içgin düşünseňiz, bu görnüşüň “Eger” görnüşinden tapawutlandygyny görersiňiz. Adamlar hemişe özlerini söýýän adamlarynyň köp bolmagyny islärler. Elindäki eýe bolan zatlaryndan hem artygyny islärler. Elindäki zatlarynyň ýa-da eýe çykdygy zatlaryň netijesinde söýülýändiklerini bilýärler emma bir gün söýýänleriniň özündem hem has köp zatlara eýe bolan adamyny söýmegine gorkýarlar, netijede olar başgasyny söýmäni dowam ederler. Bularyň netijesinde bolsa adamlary özüňe çekmek üçin garşylyklaýyn bäsleşik, göreş başlar.

“Bu görnüşdäki söýgüde ynam duýgusy bolup bilermi?” “Sebäbi görnüşindäki söýgüde hakykat we ynam bolup bilmez” diýip düşündirýär Toýotoma.

Bu görnüşdäki söýgüde ynam duýgusynyň bolmazlygynyň iki sebäbi bar..  Birinjisi “Bizi söýýän adamyň hakykatdan hem söýýämi?” gorkusy.. Ikinjisi “ Günüň birinde daş-töweregimdäkiler menden ýüz öwürse we  meni söýmese” aladasydyr.

Okap bilersiňiz  Kitaplar - uly miras

Onda hakyky we ynanyp boljak söýgi nähili, näme?… “ Ynha hakyky söýgüniň görnüşi!.

“Üçünji görnüşdäki söýgi meniň  ‘Garamazdan’ diýip atlandyrdygym görnüşdir”

Bu üçünji görnüşdäki söýgüde, adam “Islendik bir zat üçin däl, “Islendik zada garamazdan” söýüler.

– ” Bu görnüşde adamyň, gowy, özüne çekiji ýa-da baý bolmak bilen söýgi gazanmak hökmän däl. Geçmişine, gaharyna we nähili ýagdaýdadygyna “garamazdan” bolşy ýaly, şol ýagdaýy bilen kabul eder we söýer. Görnüşinden hiç zada ýaramaýan ýaly görünip bilner emma söýýänlere bolsa bu ýagdaý gyzyklandyrmaýar.

“Tapawutlandyryp bilseňiz hem bilmeseňiz hem bu görnüşdäki söýgi siziň  üçin  baýlykdan, üstünlikden we abraýdan has möhümdir”. Munuň şeýledigine nähili ynansa bolar?… Meniň size aýdanlarymyň dogrudygyny subut etmek üçin size sorag berjek… Şu soragyma jogap beriň …

– “Kalbyňyzyň töründe hiç kimi saklamasaňyz we dünýäde hiç kimiň sizi söýmeýänini pikirlenseňiz, iýmäne, geýinmäne, baýamana, üstünlik gazanmana we abraýly bolmana höwesiňizi gaçmazdymy? Öz-özüňize “ ýaşamagyň näme ähmiýeti bar söýülmeseň” diýip sorag bermezmidiňiz?

– “Edil şu wagt söýýän adamyňyz sizi diňeje sizdäki abraý, baýlyk we mertebe üçin söýýändigini düşüniň. Dünýä birden başyňyzyň üstüne ýykylmazdymy? Şu wagt size ýaşamagyň manysy ýok ýaly bolmazdymy?”

Toýotoma şeýle ýazýar “Bu gün ýaşaýan jemgyýetimizde hemmä ýetjek söýgini tapmak kyn. Sebäbi herkim mähre, söýgä mätäçlik çekýär. Hiç kimiň hem başgalara berer ýaly artykmaç mähri ýok” .

Dünýäde söýgi nä derejede bar?. (Bizi söýgüden we mähirden gandyrjak derejede manysynda).

Okap bilersiňiz  Dünyadaki en büyük satıcı

Sözümiň ahyrynda size Toýotomanyň iň möhüm ýazgylaryndan birini dykgatyňyza ýetireýin:  “Dünýädäki iň uly gytlyk we ýetmezçilik, ‘garamazdan’ görnüşli söýginiň ýeterlikçe ýoklugydyr!…”.

 

Baýramsoltan Ilgeldiýewa,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Okap bilersiňiz  Magnit otlusynyň ýoly gurulýar

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

 

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Okap bilersiňiz  Seýitjemaleddin Ýadygärlikler Toplumy
Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. 1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

«Apple» aýdym-saz bäsleşiginniň ýeňijilerini sylaglady

“Apple” kompaniýasy 2020-nji ýyldaky “Apple Music Awards” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bu barada “RBC Style” kompaniýasynyň habarynda aýdylýar. Habara görä, «Ýylyň iň gowy artisti» ugry...

Arylaryň global kartasy döredildi

Dünýäde dürli yklymlarda dürli sebitlerde ýaşaýan arylaryň 20 müňe golaý görnüşi bar. Keselleriň, pestisidleriň we tebigy ýaşaýyş ýerleriniň azalmagy sebäpli olaryň sany barha azalýar....