27/11/2020 22:22
Home ATAWATAN ESERLERİ Söýgüniň gadryny biliň!

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka)

Söýülýärkäň gadryny bil gujakla,

Ölesiň geler görseň özge gujakda…

Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri boldy. Sebäbi, Ýunus ilkinji gezek bir näzenin gözele öziniň göwnüni beripdi. Mundan soň Ýunusyň durmuşynda aýratyn tapawutly günleri başlady. Bu waka şeýle bolupdy…

2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 13-di. Adaty günlerde bolşy ýaly, Ýunus öz dosty Daýanç bilen türgenleşik zalyna gitmek üçin duralgada awtobusa garaşyp durdylar. Az salymdan awtobus  geldi we mündiler. Awtobusyň içine giren badyna Ýunusyň bir gyza gözi düşüpdi. Ýunus bu gyzda nazaryny saklap doňup galdy. Bu gyz hem özüne seredilýäni aňdy. Sebäbi, Ýunusyň ol gyza gözüni aýyrman garaýşy aňarlykdy. Emma az salymdan bu gyz hem gapdalyndaky jorasy bilen narynjadan Ýunusa seredip başladylar. Awtobus türgenleşik zalynyň gapdalyndaky duralga golaýlaşdy. Ýunus bilen Daýanç indiki duralgada düşmelidi. Emma Ýunusyň birtüýsli düşesi gelmeýärdi. Şonda-da Daýanç ony:

  • Dost, bol çaltrak düşeli. Gijä galyp barsak tälimçimiz gaharlanar.

diýip, golundan tutup düşürdi. Düşmesine düşdi welin, Ýunusyň azrak Daýanja gahary gelipdi. Ýunus:

  • Daýanç, men ol gyzy halapdym, sen bolsa golumdan tutup düşürdiň. Indi men näme etmeli? Zyýany ýok,ertir täzeden görerin diýer ýaly, tanaýan gyzymama däl ol.

Ýunus ýene-de täzeden ol gyzy görmek arzuwy bilen Daýança ertirem şol bir wagtda duralga barjakdygyny hem-de bu gezek gabatlaşsa hökman özüniň duýgularyny aýtjakdygyny ýüregine düwdi. Bu gün geçdi we ertesi gün dogdy. Öňki wagtda Ýunus duralga bardy. Awtobus geldi we mündi. Seretse ol gyz hem jorasy bilen bir enaýy gülşüp durdy. Muny gören Ýunus diýseň begendi. Sebäbi, onuň täzeden görmek baradaky arzuwy hasyl bolupdy. Bu gezek Ýunus pursady elden bermek islemeýärdi. Kagyza özüniň telefon belgisini ýazdy we düşmeli duralgasyna ýeteninde ony bu gyza uzatdy-da:

  • Bagyşlaň, bu kagyzjygy alyň, meniň telefon belgim. Mümkin bolsa, özüňize amatly wagty maňa jaň etmegiňizi ýa-da sms ýazmagyňyzy haýyş edýärin-
Okap bilersiňiz  Ene ýüregi (Hekaýa)

diýdi-de telefon belgili kagyzyny onuň eline uzatdy we derrewjik awtobusdan düşdi. Bu gyz hiç zatdan habarsyz, narynja gözleri bilen yzyndan seredip galdy. Indi Ýunus hasam binjalyk bolup başlady we öz içini hümletdi:

  • Telefon belgimi bermesine berdim weli, indi maňa jaň edermikä, ýa-da telefon belgili kagyzymy ýyrtaýdymyka ?

diýen sorag kellesini alypdy. Emma Ýunus bu soragynyň jogabyna uzak garaşmaly bolmady. Az salymdan Ýunusyň telefonyna tanalmaýan belgiden sms geldi. Bu sms-da:

  • ..

diýen söz bardy. Ýunus diýseň begendi, sebäbi ol gyzdan başga näbelli belgiden ýazjak adam ýokdy. Ýöne şonda-da Ýunus bilmezlige salyp:

  • Salam, gowmy ýagdaýlaryňyz, tanamadym sizi…!
Okap bilersiňiz  «iPhone 12» akylly telefonynyň önümçiligi bir aý yza togtadyldy

diýip ýazdy. Az wagtdan ýene-de sms geldi:

  • Men Gülruh ýaňky awtobusdaky gyz, hakyna garanyňda men size diýmeli tanamadym diýip, siz ozdurdyňyz…

Bu smsi okan Ýunusyň has hem göwni göterilip başlandy. Sebäp onuň sms-lerine ara salynman jogap gelýärdi. Şeýdibem, Ýunus durmuşynda ilkinji gezek bir gyza özüniň göwnüni beripdi. Gülruh bilen ençe wagt ýazyşyp, gürleşeninden soň, onuň bilen görüşmek isleýändigini aýtdy. Elbetde, bu karara Gülruh garşy çykmady we razydygyny aýtdy. Hepdäniň ýekşenbe güni görüşdiler. Göreninden soň Ýunusyň Gülruha bolan söýgüsi barha güýjedi. Nirede bolsa-da Gülruhdan hökman habar tutýardy. Emma günlerde bir gün şeýle bir ýagdaý boldy. Ýagny, Ýunus türgenleşik zalyndan gelýärkä, seýilgähde oturyp dynç almakçy bolýar. Ondan has uzagrakda bolsa öz söýen ýary Gülruhyň başga bir ýigit bilen gol tutuşyp barýandygyna gözi düşýär. Muny gören Ýunus doňup galdy, üstünden gaýnag suw guýlan boldy. Gözleri dolup ýaş geldi. Özüniň göwün beren gyzynyň beýle hereketler edip biljekligi barada Ýunusyň ýatsa-da düýşüne girjek däldi. Düýşüm bolsun hernä diýip, özüni çümmükläp gördi. Emma oýanmady, sebäbi bu zatlar hakykatdan hem onuň göz öňünde janlandy. Ýunus başga bir dünýä düşen ýalydy. Gözleri gyzardy. Gahary geldi. Emma özüniň gaharyndan üstün çykmagy başardy. Sebäbi, onuň elinden gelip biljek hiç zat ýokdy. Hemme zady bilmezlige salmak bilen boldy. Gülruhyň göwnüne degiji ýekeje jümlede söz diýmedi. Hiç zat bolmadyk ýaly geziberdi. Ýöne bu bolan wakany bolşu ýaly edip Gülruhyň jorasy Selbä barysyny aýdyp berdi.  Selbi:

Okap bilersiňiz  Petronas'tan Türkmenistan'a yeni işbirliği teklifi

– Ýunus, men Gülruh baradaky hakykaty saňa aýtmanlygym üçin ötünç soraýaryn. Ol seniň bilen aragatnaşykda wagty özüniň Muhammet atly kursdaş oglany bilen gürleşýärdi. Başarsaň meni bagyşla, ýöne indi senem men hakda hakykaty bilmegiňi isleýän. Şol gün sen maňa ýarapdyň. Emma telefon belgiňi Gülruha berenligiň sebäpli men bir çete çekilmeli boldum – diýip hakykaty aýtdy. Wagtyň geçmegi bilen Selbi bilen Ýunusyň sözi alşyp aragatnaşyklary ýygjamlaşyp başlady. Gün-günden bolsa Ýunus Gülruhy undup başlady. Indi Ýunus ol geçen günlerini ýatlamakçy hem bolanok.  Sebäbi Ýunus özüniň durmuşynda Selbä garşy ullakan sahypa açypdy.

Günlerde bir gün Gülruh aglap Ýunusa jaň edýär. Şonda: Muhammediň özüne garşy biwepalyk edendigini aýdyp berýär we özüni bagyşlamagyny, goýberen uly ýalňyşlygyny boýnuna alanlygyny, indi bolsa Ýunusyň özi ýaly söýüp biljek oglanyň bolmajakdygyny  aýdýar. Emma indi hemme zada giç bolupdy…

 

                                                                             Öwezgeldi Ataýew,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň hukuk fakultetiniň talyby.

 

Okap bilersiňiz  Söwda, jemgyýetçilik, hyzmat we sport kärhanalarynyň işiniň çäklendirmeleri uzaldyldy
Okap bilersiňiz  Petronas'tan Türkmenistan'a yeni işbirliği teklifi

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Aman Kekilowyň eserlerinde “mugallym” we “mugallymçylyk” düşünjeleri

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  Halkara maslahat: Türkmenistan global gaz bazarynyň möhüm ýurdy
Şahyr, ýazyjy, alym Aman Kekilowyň türkmen edebiýatynda özboluşly yz galdyrandygy bellidir. Onuň şygyr setirleri bilen bezelen “Söýgi”...

Turkmenistan- Home of Neutrality and Role of ECO CCI in Sustainable Development

In my congratulatory message to Turkmenistan President H.E. Gurbanguly Berdimuhamedov and people of Turkmenistan, It is gratifying that December 12 has been adopted by...

Halil Avcı : Daimi Tarafsızlık – dünyada barış ve kardeşliğin güvencesi

Kardeş ve dost ülke konumundaki Türkmenistan için 2020 yılı ayrı bir öneme sahiptir. 12 Aralık 1995'de Birleşmiş Milletler Genel Kurulunda 185 ülkenin oy birliği...

Tarafsızlık sayfamız faaliyete başlıyor

Türkmenistan Birlemiş Milletler özel kararıyla kazanılan Daimi Tarafsızlık statüsünün 25.yıldönümünü kutlamaktadır. "Türkmenistan-Tarafsızlık Ülkesi" yılında Türkmenistan’da bu önemli bayram dolayısıyla ülke ve dünya çapında birçok...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Milli Liderimiz ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze...

Russiýada koronawirusa garşy sanjym haçan başlaýar?

Dünýäde ilkinji bolup, täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy sanjymy hasaba alan Russiýa Federasiýasynda “COVID-19” keseline garşy köpçülikleýin sanjym etmek işi 2021-nji ýylda başlanar. Bu...

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi. Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Forumyň barşynda Gazagystan Respublikasynyň daşary...