Hormatly okyjylar! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň atavatan-turkmenistan.com saýtynyň indiki myhmany Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew.

Atajan aga, ilki bilen Sizi redaksiýamyzda hoş gördük. Söhbetdeşligimizi Siziň sungat dünýäsine gelşiňiz hakdaky gürrüňden başlaýsak…

 – Men Lebap welaýatynyň Niçge şäherçesinde ösüp ulaldym. Ol ýerem çölüň içindäki kiçijik şäherçe. Şol şäherçede bir medeniýet öýi bardy. Menem şol medeniýet öýüne beýleki höwesjeň deň-duşlarym bilen bilelikde gatnaýardym. Biz ol ýerde sahna oýnardyk, aýdym aýdýardyk. 1998-nji ýylda mekdebi tamamladym. 2000-nji ýylda hem Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň aýdym aýtmak (wokal) bölümine okuwa girdim. Şol döwürlerde mekdebimizde bir fonoteka (öňki aýdym-saz plastinkalarynyň saklanýan ýeri) bardy. Menem şol ýere baryp, “Älemgoşar” diýip atlandyrylan Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň plastinkasyny aldym. Onda halypanyň ýaş wagty aýdan opera aýdymlarynyň ýazgylary bardy. Olardan “Sähra”, “Älemgoşar”, “Iki agaç”, “Şahyr ýüregi”, “Gözel Şirgazy”, “Yzlamaýan bolarmy” ýaly aýdymlar bardy. Umuman, men şol aýdymlary şeýlebir gowy gördüm. Olary diňläp bara-bara Atageldi halypa öýkünmäge başladym. Ine, şeýdibem men opera höweslenip, opera aýdymlaryny ýerine ýetirip başladym. Onsoň 2004-nji ýylda ýörite sungat mekdebini tamamladym. 2004-2006-njy ýyllar aralygynda harby gulluga gitdim. 2007-nji ýylda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym aýtmak bölümine okuwa girdim. Soňra okuwymy tamamlap, ine, şu günki güne çenli konserwatoriýada mugallym bolup zähmet çekip ýörün.

– Biz Sizi birnäçe sahna eserlerinde keşp janlandyranyňyzy hem bilýäris…

 – Elbetde, 2008-nji ýylda Mukamlar köşgüniň sahnasynda “Şasenem-Garyp” operasy ilkinji gezek görkezildi. Şonda şoňa Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa režissýorlyk etdi. Şol spektakla Gahryman Arkadagymyzam gelip gatnaşdy. Şonda men hem özüme şunuň ýaly opera sahnalarynda çykyş etmegi maksat etdim. Soň 2009-njy ýylda “Leýli-Mejnun” operasy goýuldy. Men şonda Kömek batyryň keşbini ýerine ýetirdim. Onsoň 2010-njy ýylda “Zöhre-Tahyr” operasy goýuldy. Onda-da maňa Kamarlyzamanyň keşbini ynandylar. Soňra 2014-nji ýylda Hudaýnazar Amangeldiýewiň “Ýusup-Züleýha” operasy goýuldy. Ol spektaklda men Ýusubyň keşbini janlandyrdym. Şol keşp meniň ilkinji baş gahryman keşbim. Biziň bu spektaklymyz şol ýyl Daşoguz welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirilende görkezildi. Oňa hem Gahryman Arkadagymyz tomaşa etdi. Şeýdip, 2015-nji ýylda “Aýna” operasy goýuldy. Ol hem Daňatar Öwezowyň ýazan operasy. Men onda Derýanyň keşbini ýerine ýetirdim. Soň “Gül-Bilbil” operasynda Bilbiliň, “Nejeboglan” operasynda Aşyk Aýdyňyň keşplerini janlandyrdym.

– Tankydy halaýarsyňyzmy?

 – Meniň edýän işime hiç hili göwnüm ýetmeýär. Sebäbi men diňe deňeşdirip ýörýän. Men özümiň aýdýan aýdymlarymy daşary ýurtly operaçylaryň aýdanlary bilen deňeşdirýän weli, özümiň ýerine ýetirişimden hiç hili göwnüm suw içenok. Şonuň üçin men öz-özümi hemişe tankytlaýaryn. Sebäbi her bir adam özüni hemişe tankytlap gezmeli. Çünki şonda adam kämillige ýetýär.

­- Siziň pikiriňizçe, sungat ýolunda ýöremekde näme eýe bolmaly?

  • Ilkinji nobatda öz käriňi söýmeli, käriňe wepaly bolmaly.
  • Durmuşdan nägile bolan wagtlaryňyz boldumy?

– Hudaýa müňlerçe şükürler bolsun, durmuşdan hiç wagt nägile bolmadym. Hudaý her bir bendesine dogry ýoly görkezýändigine tüýs ýürekden ynanýaryn.

Ýalňyzlygy halaýarsyňyzmy?

Meniň, köplenç, öz-özüm bilen galmak isleýän wagtlarym bolýar. Şonda daga, baýra gidip, şol ýerde özüm bilen gürleşýärin, özümi derňeýärin.

Sizi näme gaharlandyrýar?

Maňa biri bir zady söz berse we sözünde tapylmasa gaharlanýan.

Onda näme begendirýär?

Meni begendirýän zatlar örän kän. Men iň bärkisi gowy howa bolsa-da begenýän. Şony duýmagyň özem üýtgeşik zat.

Sungat bilen iş salyşýan kişi nähili häsiýete eýe bolmaly?

Hakyky sungat adamsy pespäl, halka ýakyn adam bolmaly. Sebäbi seni ykrar edýän, seniň abraýyňy göterýän halk. Halk seni ykrar etmese sen hiç kim.

Sabyrlymysyňyz?

Elbetde.

Häzirki döwrüň aýdymçylaryndan kimlere göwnüňiz ýetýär?

Men her kimiň öz ýerine ýetirişine uly hormat goýýan. Men ähli aýdymçylary söýüp diňleýän. Olar isle halypa aýdymçy bolsun, isle estrada aýdymçysy bolsun, isle halk aýdymyny aýdýan bolsun, ählisinem hormatlaýan, ählisinem diňleýän.

Siziň durmuşyňyz kino ýa-da teatr oýny bolsa kimi ýeriňizde oýnadardyňyz?

Entek bu barada pikirlenmändirin.

Hakyky sungat adamsy bolmaklyk haçan başlanýar?

Içiňdäki sungaty köpçülige ýaýyp başlan günüňden başlanýar. Emma halk seni ykrar etmeli. Şonda hakyky sungat adamsy bolnup bilinýär.

Siz durmuşda nämeden gorkýarsyňyz?

Ýüregimdäki niýet-arzuwlarymy edip bilmezlik. Ýüregimde örän köp etmek isleýän işlerim bar. Şolary durmuşda edip bilmeklik meniň iň uly arzuwym.

Daşary ýurtly aýdymçylaryň aýdymlaryny ýerine ýetirmeklik aýdymça nähili mümkinçilikleri döredýär?

Daşary ýurt aýdymyny aýdyp bilmeklik ussatlygy talap edýär. Elbetde, olarda örän inip çykylýan ýerler köp. Şolary ýerine ýetirip bilseň kämillige tarap ýene bir ädim ätdigiň bolýar.

Özüňizi üç sany sözlemde jemläň diýsek, olar haýsy sözlemler bolardy?

Men elmydama gözlegde. Men pespäl adam. Durmuşa pozitiw seredýän.

Ynjyklyklaryňyz barmy?

Bar. Mysal üçin, bir zat göwnüme ýaramasa, ony her hili edip ýüzümde belli edýän.

Geljekde Size kinodan ýa-da serialdan teklip gelse kabul edersiňizmi?

Hawa, kabul ederdim.

Elmydama ýaş galmak islärdiňizmi?

Hawa hem-de ýok. Sebäbi her ýaşyň öz lezzeti bar. Sen isleseňem, islemeseňem wagt geçýär. Men isleýän diýsemem ýaş galyp bolmaýar. Tebigatyň garşysyna gidip bolanok.

Biz Sizden geljekde nähili täzeliklere garaşyp bileris?

Men geljekde täze aýdymlary döretmegi meýilleşdirýän. Häzirem täze aýdymlaryň üstünde işleýäris. Nesip bolsa, şolary geljekde Watanymyzyň baýramçylyklarynda halkymyza sowgat ederis.

Atajan aga, redaksiýamyza gelip, biziň bilen söhbetdeş bolanyňyz üçin Size ýene bir gezek sag bolsun aýdýarys. Geljekde Size täze üstünlikleri arzuw edýäris.

 Söhbetdeş bolan Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

 

Maýa Weligylyjowa  – wysalyna gowşan arzuw