JEMGYÝET

«Akylly» ekerançylyk boýunça hyzmatdaşlyk

Koreýa Respublikasynyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan Gazagystanda «akylly» ekerançylyk toplumyny gurmak babatynda synag taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanandygyny habar berdi.

Bary-ýogy 1 gektar ýerde gök ekinleriň birnäçe görnüşi ýetişdiriler. Onda tehnologiýa arkaly dökünlemek we suwarmak boýunça iň döwrebap mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Gazagystandaky koreý taslamasy şu ýylyň oktýabr aýynda işe giriziler.

«Akylly» ekerançylyk ekiniň talaba laýyk ösmegi üçin şertleri döretmek, hilini ýokarlandyrmak we ony has netijeli dolandyrmak üçin maglumatlary ýygnamak ýaly ýokary tehnologiýalara esaslanýar.

Taslama «Nare Trend» agro-tehnologiýa kompaniýasynyň ýolbaşçylygyndaky konsorsium tarapyndan durmuşa geçiriler. Bu taslama bilen Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylary «akylly» ekerançylyk boýunça işleriň geografiýasyny giňeltmegi maksat edinýärler.

 

25-nji maýda doglan ilkinji bäbekler

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi