TEHNOLOGIÝA

Ähli habarlaryň jemlenen ýeri: Türkmenistan Habar

Ýurdumyz baradaky ähli habarlar indi bir saýtda jemlenýär. Geçen ýylyň 10-nji Oktýabrynda hereket edip başlan Türkmenistan Habar saýty (www.turkmenistanhabar.com)  indi öz işini täze formatda dowam edýär. Ata Watanymyz Türkmenistan baradaky habarlar indi Türkmenistan Habar saýtynda jemlenýär. Okyjylar indi www.turkmenistanhabar.com saýtyna girmek bilen özlerini gyzyklandyrýan habarlaryny saýlap okap bilerler. Şonda, okyjynyň saýlan habary okyja  gyzykly bolsa, ol habaryň dowamyny şol habaryň çeşme saýtyndan dowam eder. Bu bolsa, hyzmatdaşlyga goşulýan saýtlaryň hem habarlarynyň has giň okyjylar giňişligine ýetirmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyga Türkmen Gazet saýty, InAshgabat saýty, Ata Watan Türkmenistan saýty, Türkmen Habar saýty we  New Ashgabat habarlar saýtlary goşuldy. Saýtyň hemaýatkäri Makul Sözlük saýty hem öz habarlary bilen hyzmatdaşlyga goşulýar.

Ýurdumyzdaky habarlaryň jemlenen saýtyna geljekde täze saýtlaryň hem goşuljakdygyna ynanýarys. Bu habarlar platformasynda hyzmatdaşlyk edýän saýtlaryň artmagy bilen, saýtyň gerimi hem has giňeler. Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän web sahypalar bir platformada jemlenip, ýurdumyzdaky, şeýle-de dünýädäki iň täze habarlary gyzgyny bilen has giň okyjylar köpçüligine ýetiriler.

Türkmenistan Habar saýtynda hyzmatdaşlyga goşulýan her bir saýtyň 3 habary aýratyn sütünlere okyjya ýetirilýär. Saýtyň aşaky böleginde bolsa, soňky 24 sagadyň dowamynda hyzmatdaşlyga girýän saýtlaryň ähli habarlary aýratyn bölüm görnüşinde berilýär.

Türkmenistan Habar saýtyna öň girilen habarlary Siz arhiw sahypasyndan okap bilersiňiz! Saýtda, şeýle hem, Söhbetdeşlik,  Sport we Tehnologiýa bölümleri hereket edýär. Bu bölümlerde hyzmatdaşlyga giren saýtlaryň şu bölümlere degişli habarlary ýerleşdiriler. Geljekde Türkmenistan Habar saýty has hem kämilleşer.

Mysal üçin bu saýtyň Applikasiýasy hereket edip başlar we täze formatda hereket edýän saýtyň habarlary jemgyýetçilik torlarynyň üsti bilen täze okyjylara ýetiriler! Bu saýt, geljekde diňe bir  Türkmen dilinde däl, eýsem Türk, Rus we Iňlis dillerinde hem hereket eder.

Saýt bilen habarlaşmak we öz habar saýtyňyz boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin turkmenistanhabar@gmail.com  E-mail salgysyna ýazyp bilersiňiz!

“Makul Hyzmat Terjime”: Intellektual telekeçilik başlangyçlary

Ýene-de okaň

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy