TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

“Açyk gapylar”: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz
uniwersiteti 2022 — 2023-nji okuw ýylynda okuwa girmäge
isleg bildirýän ýaşlary «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim
ulgamyny ösdürmek barada alyp barýan syýasatynyň uniwersitetimizde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk
ugurlary, olara degişli hünärler, uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem olar okamak, ýaşamak, medeniýetli
dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen zerur şertler we uniwersitetiň
dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy,
ähli amatlyklary bolan umumyýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar.

«Açyk gapylar» günleri uniwersitetde we uniwersitetiň Balkanabat bölüminde şu  ýy­lyň 6 — 7-nji ma­ýyn­da sa­gat 15:00-da baş­la­nar.

 

Uniwersitetiň salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 8-nji jaýy.
Habarlaş­mak üçin telefon belgileri: 39-13-05; 39-13-18. Uniwersitetiň
Balkanabat bölüminiň salgysy: Balkanabat şäheriniň G.Annaýew köçesiniň 76-njy
jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 4-93-62; 2-19-98

“Açyk gapylar”: Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle