TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

“Açyk gapylar”: Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty 2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde we 13-nji maýynda sagat 15:00-da geçiriljek «Açyk gapylar» günlerine çagyrýar.

«Mugallymlar gazetiniň» habar bermegine görä, «Açyk gapylar» günlerine 2022-2023-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän orta we hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary, harby bölümleriň esgerleri, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 68-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 94-03-38.

«Açyk gapylar» günlerinde oňa gatnaşýan ýaşlar institutda okuwlaryň guralyşy, tejribehanalarda geçirilýän işler, şeýle hem ýokary okuw mekdebinde hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary (hünärleri), okamak isleýän ýaşlara bildirilýän talaplar, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri, olaryň hukuklary we borçlary bilen ýakyndan tanşyp bilerler.

 

“Açyk gapylar”: Türkmen döwlet maliýe instituty

Ýene-de okaň

Türkmenistan – Russiýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Teswirle