TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

“Açyk gapylar”: Türkmen döwlet maliýe instituty

Türkmen döwlet maliýe instituty şu ýylyň 30-njy aprelinde we 21-nji maýynda sagat 15:00-da 2022-2023-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň uçurymlary, harby bölümleriň esgerleri, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlar üçin «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.

Şol günlerde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniňdurmuşa geçirilişi, institutda taýýarlanylýan hünärler, okuwlaryň guralyşy, medeni-köpçülik we sport çäreleriniň geçirilişi, ösüş taryhy barada maglumat berýän muzeý, talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň 1987-nji köçesiniň (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly) 112-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 49-07-92, 49-88-52, 49-63-09.

 

“Açyk gapylar”: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Ýene-de okaň

Himiýa boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Fizika boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Nobel hepdeligi başlady

Teswirle