BILIM

Açyk Gapylar : Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi

Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi 2021 — 2022-nji okuw ýylynda orta hünär okuw mekdebinde okamaga isleg bildirýän orta mekdepleriň, başlangyç hünärment mekdepleriň uçurymlaryny, harby bölümleriň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary şu ýylyň 28-nji aprelinde hem-de 12-nji maýynda sagat 15.00-da geçirilýän «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar. Bu barada Mugallymlar gazetinde habar berilýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler. Şeýle hem özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap alyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Kemine köçesiniň 84-nji jaýy.

Telefonlary: 94-31-47; 94-31-27.

“Makul Hyzmat Terjime”: Intellektual telekeçilik başlangyçlary

Ýene-de okaň

Hytaýyň uniwersitetlerinde okajak türkmen talyplaryna hökümet talyp haklary gowşuryldy

Täze okuw ýylynda 8 sany çagalar bakja-bagy açylyp ulanmaga berler

«Ozon we klimat» atly ylmy-döredijilik bäsleşigi

Mugt pars dili okuwlaryna ýazylyşyk başlandy

Türkmenistan Kanadada ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmen okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä rekordyny goýdular