SPORT

50 ýyldan soňra çempion boldy

ABŞ-da Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) çempiony mälim boldy. 2020/21-nji möwsümiň çempiony 50 ýyldan soňra “Miluoki Baks” boldy.

Bu topar pleý-offyň final tapgyrynda 6-njy duşuşykda “Finiks Sanz” toparyny 105:98 hasabynda utup, ýeňiş gazandy. Şeýlelikde final tpagyry 4:2 hasabynda “Miluoki Baks” toparynyň peýdasyna tammalandy.

“Miluoki Baks” toparynyň öňdebaryjy türgeni gresiýaly hüjümçi Ýannis Adetokunbo aýgytlaýjy duşuşykda 50 utuk gaznayp, final tapgyrynyň iň gowy türgeni saýlandy.

“Miluoki Baks” topary ikinji gezek çempion bolýar. Mundan ozal, ilkinji çempionlygyny 1971-nji ýylda gazanypdy. Şonda bu toparyň düzüminde dünýä belli basketbolçy Karim Abdul-Jabbar we oskar Robertson bardy. Topar NBA-da 1968-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýär hem-de 3 gezek final tapgyryna çykdy (1971, 1974, 2021).

“Finiks Sanz” topary entek bir gezek hem NBA-da çempion bolup görmedi.

Geçen ýyl NBA-da “Leýkers” çempion bolup, final tpagyrynda “Maýami” toparyny 4:2 hasabynda utupdy.

Bäsleşik: neşir we sowgatlyk harytlar

Ýene-de okaň

Lionel Messiniň dünýä çempionatyndaky täze rekordy

Kabo-Werdeniň derwezeçisi “Instagramda” 5,5 milliona yzarlaýja ýetdi

Erwe Renar dünýä çempionatynda Tunisiň ýygyndysyna tälim berer

Dünýä çempionatynyň 2-nji zenan emini

Tunis çempionat döwründe baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Mark Kukurella “Real Madrid” toparyna geçdi