MEDENIÝET

2021-nji ýylyň iň gowy fotosuratlary saýlandy

“Sony World Photography Awards 2021” fotosurat bäsleşiginde halkara eminler bu bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdiler. “Ýylyň fotosuratçysy” adyna britaniýaly suratçy Kreýg Iston mynasyp boldy. Onuň “Bank Top” atly suraty bäsleşikde ýeňiş gazandy. Istona bäsleşikde ýeňiş gazandygy üçin sowgat hökmünde sanly surat düşüriş enjamlarynyň toplumy we 25.000 dollar pul baýragy gowşuryldy. Mundan başga-da, professional bäsleşigiň 10 kategoriýasynda ýeňijiler we finalçylar, talyplaryň arasynda, açyk, şeýle hem ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarynyň ýeňijileri yglan edildi.

 

Zimbabwe döwletiniň fotosuratçysy Tamari Kudite “Wiktoriýa stilindäki afrikaly zenanlar” portreti üçin açyk bäsleşikde ýeňiji boldy.

Talyplaryň arasynda geçirilen bäsleşikde “Ýylyň fotosuratçysy” diýen adyna Stellenboş dizaýn we fotosurat akademiýasynyň talyby Koenraad Haýns Torlage birinji orna mynasyp boldy. Ol bäsleşige özüniň “Ýaş daýhanlar” fotosuraty bilen gatnaşypdyr.

Ýaşlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde “Ýylyň fotosuratçysy” adyna Hindistan döwletiniň 19 ýaşly Pubarunu Basu ýeňiji boldy. Pubarunuň “Hakykatdan gaçyp bilmersiňiz” fotosuraty beýleki müňlerçe dalaşgärleriň arasynda iň gowusy diýlip saýlanyldy.

 

Serdar Berdimuhamedow täze wezipä saýlandy

 

 

 

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi