SPORT

“Zenit” – Russiýanyň çempiony

Russiýanyň futbol boýunça milli çempionatynda çempion belli boldy. Ol Sankt-Peterburg şäheriniň “Zenit” topary boldy. Bu topar çempionatyň 28-nji tapgyrynda güýçli toparlaryň biri bolan “Lokomotiw” toparyny 6:1 hasabynda utmagy başardy we umumylykda 8-nji çempionlygyny gazandy.

Bu topar 7 gezek Russiýanyň çempiony, bir gezek hem 1984-nji ýylda ozalky SSSR-iň çempiony bolupdy.

“Zenit” topary Sergeý Semagyň ýolbaşçylygynda 3-nji gezek yzly-yzyna çempion bolmagy başardy.

Sergeý Semak Russiýanyň 8 gezek çempiony boldy. Ol bu abraýly derejä futbolçy hökmünde 5 gezek, tälimçi hökmünde hem 3 gezek eýe boldy.

“Zenit” toparyna çempionlygy getiren duşuşykda 3 gezek eýranly futbolçy Serdar Azmun, 2 gezek Artýim Dzýuba hem-de 1 gezek Malkom tapawutlandy.

“Mollagara” şypahanasy

Ýene-de okaň

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär