“Mollagara” şypahanasy

Döredilen ýyly:1922 ýyl (2012-nji ýylda täze biri 500 orunlyk we beýlekisi 170 orunlyk  2 sany bina guruldy we öň hereket edýän durky täzelenen 300 orunlyk binalarynyň üsti ýetirilip, häzirki wagtda 800 orunlyk dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahana öwrüldi.)

Salgysy: 745116, Türkmenistan, Balkan welaýat, Balkanabat şäheri “Mollagara” şypahansy.
Iş telefonlary: (+993222) 9-10-19; (+993222) 9-10-20)
Faks: (+993222) 9-10-23;
Elektron salgysy: sanatoriy-mollagara@online.tm
Ýerleşýän ýeri: Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinden 24 kilometr uzaklykda Jebel şäherçesiniň ýanynda ýerleşýär. Mollagara şor suwly köli 105 kilometr aralyga uzap gidýär.
Açylan ýyly: XX asyryň başlarynda Mollagara şypahanasy bejeriş edarasynyň derejesine eýe boldy. 1922-nji ýylda 300 orunlyk sagaldyş merkezi açylyp, 2012-nji ýylda durky täzelenen, üsti täze binalar bilen ýetirilen 815 adama, şol sanda 170 maşgala üçin niýetlenen täze döwrebap şypahana gurlup ulanmaga berildi.
Şypahananyň esasy bejeriş faktory: Şypahana bejeriş duzuna baý bolan bejeriş palçygy we mineral suwy bilen meşhurdyr. Hazar deňzine golaýdygyna garamazdan, bu ýeriň howasy yssy we ýokary kontinental häsiýetlidir. Tomus paslynyň yssysyna, gyşyň aýazly howasyna garamazdan sowuklama kesellerinden ejir çekýänleri bütin ýylyň dowamynda şypahanada bejermäge mümkinçilik bar. Şypahananyň bejeriş palçygy bejerişiň esasy täsin täsir ediş güýjüne eýedir. Ol palçyk şypahanadan uzak bolmadykýerde ýerleşýän kölden alynýar. Palçygyň bejeriş täsiri adam bedeniniň sowuklamagyna garşy güýçli täsirindedir, şeýle hem bedeniň fiziki güýjüni güýçlendirýär. Bejeriş palçygyň täsir etmesi onuň fiziki-himiki aýratynlygyna, peýdalanyş usulyna we adam organizmiň ýagdaýyna baglydyr.Şypahananyň esasy bejeriş serişdeleri bolan gyrmançaly gara palçygy, şor suwy birnäçe usulda ullanmak bilen bir hatarda, dürli görnüşli kämil fizioterapewtiki enjamlaryň kömegi bilen bejergiler, krioterapiýa – sowuk howa akymy bilen bejergi;  galoterapiýa – duzlaryň aerozoly bilen dem alyş ýollarynyň bejergisi;  baroterapiýa – ýokary basyşly O² bilen bejergi;  gidrokolonoterapiýa – içegäni arassalamak, nemlendirmek;  psammoterapiýa – gyzgyn çäge bilen bejergi; stounterapiýa – daşlar bilen bejergi; gidroterapiýa – suw bilen bejergi;  ozonoterapiýa – ozon gazy bilen bejergi;  fitoterapiýa – dermanlyk ösümlikler bilen bejergi; iňňerefleks bejergileri; owkalama; bejeriş bedenterbiýesi; ýola goýlan. Bulardan başga-da ynsan saglygyna we gözelligine hemaýat berýän inwaziw däl mezoterapiýa, limfadrenaž, ultrakontur, sauna, exillis, aerokosmetiki kapsula ýaly enjamlar oturdylan we raýatlar ýokary isleg bilen olardan peýdalanýarlar.
“Mollagara” şypahanasynda bejergi görkezilen keseller:
1.Daýanç-hereket ediş ulgamynyň keselleri.
2.Nerw ulgamynyň sowuklama keselleri.
3.Peşew çykaryş ulgamynyň sowuklama keselleri.
4.Jyns agzalarynyň sowuklama keselleri.
5.Önelgesizlik.
“Mollagara” şypahanasynda bejergä garşy görkezilen keseller:
1.Ýiti sowuklama we infeksion keseller.
2.Dowamly sowuklama keselleriniň ýitileşmesi.
3.Inçekeseliň işjeň döwri.
4.Çiş keseller.
5.Gan azlyk II-III dereje we ganyň beýleki patologiýalary
6.Ýürek-damar keselleri: geçirilen infarkt, gipertoniýa keseli II-III derejede.
“Mollagara” şypahanasynda toplumlaýyn bejerginiň netijesinde: gan aýlanşyny gowulaşdyrmak bilen dokumalaryň öýjükleriň O² üpjünçiligini ýokarlandyrýar, öýjükleriň regeneratiw işjeňligini güýçlendirilýär, immuniteti galdyrýar, reproduktiw ulgamyň neýroendokrin sazlaýyş mehanizminiň işjeňligini kadalaşdyrýar, madda çalşygyny sazlaýyş mehanizminiň işjeňligini kadalaşdyrýar, madda çalşygyny ýokarlandyryp, bedenden artykmaç zyýanly galyndylaryň (şkalalaryň) bölüp çykyşyny güýçlendirýär, gerek bolan mikro we makroelementleriň ýetmezçiliginiň öwezini doldurýar, ruhy we wegatatiw ýagdaýyny kadalaşdyrýar.
Mollagaranyň bejeriş palçygy goýy gara gyrmançaly palçyklar toparyna degişlidir we ol ýokary bejeriş aýratynlyklaryna eýedir. Çalynmadyk palçygyň 1 kg-da 0,9-1 gr. çenli kükürt wodorody bar. Duzy 30 % köp. Udel agramy 1,8-1,9. Şypaly palçyk bakteriologik taýdan barlananda 1sm³-de içege taýajyklarynyň titriniň hem-de bakteriýalarynyň sany kesgitlenende kolititri 0,1 deň, bu bolsa sanitariýa ýagdaýynyň gowudygyny görkezýär, ýagny palçygyň özüniň bakteriostatik we bakteriosid sypatlaryny görkezýär. Şypaly palçykda demir hloridiniň hem-de demir sulfatynyň ep-esli mukdary şeýle hem brom duzy bar. Palçykda kaliý duzunyň uly bolmadyk mukdarda bolmagy we gips çökündisiniň bolmazlygy bejeriş palçygynyň tapawutlandyryjy alamaty bolup durýar. Palçykda gipsiň bolmazlygy palçygy adamyň dürli synalaryny bejermekde giňden ulanmaga mümkinçilik berýär.
Şypahananyň duzy, suwy hem pes bolmadyk derejede bejerijilik häsiýetine eýedir. Mollagaranyň ýokary derejede minerallaşan şor suwy hlorly-natrili-magnili suwlara degişlidir. Minerallaşmagy ýylyň möwsümine baglylykda üýtgäp durýar. Gyş aýlary 1 litrde 153 gr., ýazda 242 gr., tomus aýlary bugaryşyň maksimal derejä ýetýän mahalynda 1 litrde 300 gr-dan geçýär. Şor suwuň ajymtyl-duzly tagamy bolup, temperatura 26ºC, reaksiýasy neýtral. Udel agramy 1,18, minerallaşyşy her litrde 300 gr. barabar.
Ýokary minerallaşan duzy, suwy hlor, natriý, magniý suwlaryna degişlidir. Ýylyň dowamynda suwuň minerallaşmagynyň mukdary üýtgäp durýar.
Bellenip geçilişi ýaly, adam bedenine bejeriş palçygynyň täsiri onuň peýdalanyş usulyna, degişli temperaturasyna we himiki düzümine baglydyr. Bejeriş maksatlary üçin palçyk birnäçe usullarda ulanylýar. Esasan ony adamyň bedenine aýakdan başlap egnine çenli ýapmak bilen ulanylýar.
Bölümleri: Şypahananyň binalar toplumynda keselleri anyklaýyş, çagalar bölümi, bejeriş bölümleri hereket edýär. Palçyk bilen bejeriş, duzly suw bilen bejeriş, fiziobejeriş, bedenterbiýe, anyklaýyş bölümlerinden başga-da duzly, suwly wannalar we duşlar bilen bejeriş, suw asty owkalama, Garagumuň gyzgyn çägesi bilen bejeriş, gyzgyn daşlar bilen bejeriş, duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş, ozon bilen bejeriş, Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan erginler bilen, ýogyn içegäniň suw bilen bejergisi ýola goýlan.
“Mollagara” şypahanasynda gurnalan fitobarlarda dürli görnüşli melhemlik çaýlar bejergi alýan raýatlaryň saglygyny dikeltmekde uly mümkinçilik döredýär.
Häsiýetli aýratynlygy, ýöriteleşen bejergileri: “Mollagara” şypahanasy esasan daýanç-hereket ediş agzalarynyň kesellerini, damar kesellerini, poliartritleri, osteartrozy, rewmoartritleri, distropiki artritleri, brusellýoz artritleri, nerw ulgamyny, osteohondrozy, ginekologiki keselleri we önelgesizligi bejermekde peýdasy uludyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri : 8-00-222-9-10-19, 8-00-222-9-10-20
Çeşme: saglykhm.gov.tm
https://www.atavatan-turkmenistan.com/yyly-suw-sypahanasy/
https://www.atavatan-turkmenistan.com/awaza-sypahanasy-denzin-sypaly-mekany/
https://www.atavatan-turkmenistan.com/farap-sypahanasy/