BIZNES

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş saklanyp galýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, geçen döwürde halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy.

2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim ýokarlandy. Şol sanda senagat pudagynda 3,9 göterim, gurluşyk pudagynda 0,3 göterim artdy. Ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maglumatlaryna laýyklykda, önümçilik geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,2 göterim artdy.

Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy boýunça görkeziji 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17,7 göterim artdy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haklarynyň möçberleri geçen ýyldakydan 10,5 göterim köpeldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan 259 desganyň 30-synda gurluşyk işleri tamamlandy, galan 168-sinde bolsa gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär.

Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 4,1 milliard manada deň boldy. Şeýlelikde, jemi içerki önümiň ösüşi 17,1 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi 11,1 göterime deň boldy. Üç aýda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň 48,2 göterimi önümçilik, 51,8 göterimi bolsa medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 72-si geçirilip, 7701 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 101 göterime barabar boldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi 139,7 göterime, senagat önümleriniň önümçiliginiň ösüşi bolsa 125,3 göterime deň boldy.

 

Ankarada kitaplaryň tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi

 

Ýene-de okaň

Angliýanyň ilkinji milliarder sazandasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

Aşgabatda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady

Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň haryt dolanyşygy 44 milliard dollara deň boldy

Ata Watan Eserleri

USAID 13-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär