Ankarada kitaplaryň tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Türkiýäniň Ankara uniwersiteti tarapyndan, Ankara uniwersitetiň rektorlyk binasynda Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” we “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaplarynyň türk dilindäki nusgalarynyň tanyşdyrylyş maslahaty hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly” mynasybetli ýurdumyzy giňden wasp edýän fotosurat we medeni gymmatlyklaryny beýan edýän sergi geçirildi.

Maslahata Türkiýäniň Prezidentiniň baş geňeşçisi Ýalçyn Topçu, Ankara uniwersitetiniň rektory Nejdet Ünüwar, Türkiýäniň Parlamentiniň türkmen-türk dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ibrahim Aýdemir, toparyň agzasy Bedri Ýaşar, Türkiýäniň Gazi we Hajettepe uniwersitetleriniň rektorlary, Azerbaýjanyň, Belarussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Ukrainanyň Türkiýedäki Ilçileri we wekilleri, Ankara uniwersitetiniň professor-mugallymlary we türkmen talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Ankara uniwersitetiniň binasynda Ilçihana tarapyndan guralan Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň gymmatly eserleriniň, fotosurat we ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary ýerleşdirilen sergileriň açylyşy geçirildi.

Bu sergide Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň gymmatly eserleri we kitaplary ýerleşdirildi, Türkmenistanyň taryhy we medeni gymmatlyklary bilen gatnaşyjylar ýakyndan tanyşdyryldy. Çärä gatnaşan myhmanlar ýurdumyzyň baý medeni gymmatlyklary barada beýan edilýän eserlere uly gyzyklanma bildirdiler we olara birnäçe kitaplar ýadygärlik hökmünde sowgat berildi.

Soňra agzalan uniwersitetiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” we “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaplarynyň türk dilindäki nusgalarynyň tanyşdyryş maslahaty guraldy. Iki ýurduň milli senalary ýaňlanandan soňra Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri barada beýan edýän wideorolik görkezildi.

Maslahtyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Işanguly Amanlyýew ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işler we çäreler, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada beýan etdi. Şeýle hem Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentimiziň “Atda wepa-da bar, sapa-da” we “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaplarynyň many-mazmuny barada giňişleýin mälim etdi.

Şeýle hem maslahatda çykyş eden türk tarapynyň resmi wekilleri Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň gymmat bahaly eserleri barada aýtmak bilen, bu eserleriň türkmen we türk halklary üçin, olaryň medeni gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy babatda örän möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şunuň ýaly gymmatly we möhüm eserleriň türk jemgyýetçiligine we okujylaryna hem gelip gowuşandygy üçin Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Çäräniň ahyrynda resmi myhmanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Däp bolşy ýaly, gatnaşyjylara türkmen halkymyzyň milli tagamlary hödür edildi.

Türkmen-rus we türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy has-da berkidiler

 



ÝENE-DE OKAŇ

Sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini peseltmek hem-de 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginiň Maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu Maksatnamada milli ykdysadyýetimiziň köpugurly hem-de durnukly ösüşini saklamak, önümçilik kuwwatlyklaryny doly peýdalanmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek we sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak boýunça möhüm wezipeler...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Braziliýanyň futbol çempionatynda täze çempion peýda boldy. Ol hem Belu-Orizonti şäheriniň "Atletiko Mineýro" toparydyr. Bu topar Braziliýanyň "Seria A" milli futbol çempionatynda soňky gezek 1971-nji ýylda çempion bolupdy. "Atletiko Mineýro" topary 50 ýyldan soňra täzeden çempion bolmak bagtyna miýesser boldy. "Atletiko Mineýro" topary geçen möwsümde hem çempionlyga dalaş edipdi. Topar Horhe Sampaoliniň tälimçiliginde oňat netije görkezse-de, çempiondan 3 utuk...
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde ýanwar-noýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabatlar berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 11 aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Geçen 11 aýda öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri...
Ministrler Kabinetiň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde çykyş eden hormatly Prezidentimiz söwda, dokma we telekeçilik ugurlary babatda degişli tabşyryklary berdi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak boýunça nobatdaky çäreleri taýýarlamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz kiçi we orta telekeçiligi, aýratynda syýahatçylyk...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
909FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar