Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatryna “akademiki” hukuk derejesini bermek hakyndaky resminama gol çekildi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Baş drama teatryna “akademiki” hukuk derejesi berildi.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň täze we dörebap binasy 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda dabaraly ýagdaýda açyldy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 2006-njy ýylyň 10-njy iýunyndaky 93g belgili buýrugy bilen «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry» diýip atlandyrylýar.
Teatryň täze binasynyň 1000 orunlyk tomaşaçylar zaly bolup, dünýä ülňülerine gabat gelýän tehniki enjamlary artistleriň uly mümkinçiliklerden peýdalanyp işlemekleri üçin amatly şertleri döredýär.