TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ýüpekçilik pudagy ösdürilýär

Ýur­du­myz­da oba ho­ja­ly­gy­nyň pi­le­çi­lik bi­len meş­gul bol­ýan pu­da­gy düýp­gö­ter tä­ze döw­re ga­dam bas­dy. Dok­ma se­na­ga­ty pu­da­gy üçin gym­mat­ly çig mal bo­lan pi­le ön­dür­mek işi döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­ýär. Her ýyl ýur­du­my­zyň ýü­pek­çi­le­ri ýü­pek gur­çu­gy­nyň pi­le­si­ni taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler.

Pi­le ön­dür­mek dok­ma se­na­ga­ty üçin örän gym­mat­ly­dyr. Gu­ra­dy­lan pi­le­ler fab­rik­le­r­de gaý­ta­dan iş­le­nip, çig ýü­pek ön­dü­ril­ýär. Pi­le­den ýü­pe­giň çyk­ma­gy 30-35 gö­te­ri­me ba­ra­bar­dyr. Ýü­pek ke­lep­leý­ji fab­rik­ler­de ön­dü­ril­ýän çig ýü­pek fab­rik­le­ri­ň çig mal go­ry bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da ýü­pek­çi­lik ga­dy­my se­net­le­riň bi­ri­dir. Dur­muş­da ýü­pek bi­len bag­la­ny­şyk­ly meň­zet­me­ler hem az däl. My­sal üçin, “Ýü­pek bi­len ýü­ňi gar­ma”, “Gü­lüň gun­ça­sy ýag­şy, ýü­pe­giň-in­çe­si” di­ýen aýt­gy­lar bar. Ýü­pek dok­ma­çy­ly­gy­nyň hal­ky­my­zyň ga­dy­my se­net­le­ri­niň bi­ri bo­lan­dy­gy­na dür­li ta­ry­hy çeş­me­ler, ýur­du­myz­da uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da al­nyp ba­r­lan ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýü­pek ha­kyn­da halk dö­re­di­ji­li­gin­de hem duş ge­lin­ýär. Ýü­pek ma­ta we on­dan beý­le­ki önüm­le­ri ön­dür­me­giň, aý­ra­ty­nam ne­pis ha­ly do­ka­ma­gyň syr­la­ry asyr­lar­bo­ýy ne­sil­den–nes­le ge­çip ge­lip­dir.

Häzirki wagtda ýylyň ýylyna ýurdumyzda pile öndürmegiň möçberini artdyrmak ugrunda tagalla edilýär. Geçen ýyl ýurdumyzda 2100 tonna pile taýýarlanan bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda 2300 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda  2022-nji ýylda 2300 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 300 tonna, Balkan welaýatynda 50 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 440 tonna çig pile öndürmek göz öňünde tutuldy.

Şamyrat Gulow, TOHU-nyň talyby.

Bazar bäsleşigini ýokarlandyrmagyň ýollary

Ýene-de okaň

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

Teswirle