ÝUNOPS-yň Türkmenistandaky ilkinji taslamasy

Türkmenstanyň paýtgaty Aşgabatda wekilhanasy açylan BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça müdirligi (ÝUNOPS) ilkinji taslamasyny hem amala aşyrmaga girişdi. Bu barada BMG-niň bu abraýly düzüminiň wekilhanasynyň açylmagyna bagyşlanan dabarada bellenilip geçildi.

ÝUNOPS edarasy biziň ýurdumyzda ilkinji taslamasyny saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrar. BMG-niň bu düzümi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde “Türkmenistany lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” atly taslamany durmuşa geçirer.

Taslamanyň ýolbaşçysy Wasiliý Tolkaçew sagly ulgamynda amala aşyryljak taslama barada giňişleýin gürrüň berdi. Ýaponiýanyň hökümetiniň maliýeleşdirilmeginde amala aşyryljak taslamanyň çäklerinde ýurdumyzdaky 15 hassahana döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylar.

Umumy bahasy 2,8 million ABŞ dollaryna barabar bolan “Lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” atly taslamanyň çäklerinde saýlanan hassahanalar üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak we üpjün etmek, şeýle hem mümkinçilikleri ösdürmek, logistika we dolandyryşy goldamak ýaly ugurlarda iş alnyp barlar.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ÝUNOPS-yň wekilhanasynyň açylmagy hem-de taslamanyň tanyşdyrylmagyna bagyşlanan dabaralara  BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Kristin Weýgand, daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň işgärleri, Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekilleri, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan bu dabarasyna ÝUNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň müdiri Freýa fon Groote hem onlaýn tertipde gatnaşdy.

 

BMG-niň Aşgabatda yene bir wekilhanasy açyldy

 

ÝENE-DE OKAŇ

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlady. Düýn gije 00:00-da ilkinji duşuşyk geçirildi. "A" toparda çykyş edýän Italiýanyň milli ýygyndysy Türkiýäniň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. ITALIÝADAN TARYHY REKORD Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan bäri, resmi hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynda bassyr 28 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Bu ýurduň taryhyndkay täze bir rekorddyr. Bu döwürde...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Okap bilersiňiz  3D paýhasly haly
Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär. Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda...
Şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek Medeniýet hepdeligi hem-de baýramçylyk açylyş dabaralary barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatyndaky döredijilik çäresi we onuň maksatnamasy barada aýdyldy. Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň,...
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sementiň täze görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy. “Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak...
Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmaga, dünýädäki iň iri Galkynyş gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin "Türkmengaz" döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak boýunça hasabat berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berlişi ýaly, häzirki...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
833TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar