BMG-niň Aşgabatda yene bir wekilhanasy açyldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň ýene-de bir abraýly edarasynyň wekilhanasy öz işine başlady. BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň (ÝUNOPS) wekilhanasy Aşgabatda açyldy.

BMG-niň Aşgabatdaky öýünde ÝUNOPS-yň wekilhanasynyň açylmagyna bagyşlanan dabara BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hanym Kristin Weýgand, daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň işgärleri, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan bu dabarasyna ÝUNOPS-yň köp ýurtly edarasynyň müdiri Freýa fon Groote hem onlaýn tertipde gatnaşdy.

Dabarada edilen çykyşlarda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy mälim edildi. BMG-niň köp sanly düzümleriniň – Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, ÝUNISEF, ÝUNESKO we beýleki edaralarynyň Türkmenistanda wekilhanasynyň hereket edýändigi we dürli ugurlarda giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy bellenilip geçildi.

Okap bilersiňiz  "Türkmenistan" awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň sanyny artdyrdy

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň düzümleriniň köp sanlysynyň agzasy bolup durýar.

BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirligi (ÝUNOPS) Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamlary, halkara maliýe guramalary, hökümetler we dünýäniň beýleki hyzmatdaşlary üçin taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berýän guramadyr. ÝUNOPS 1973-nji ýylda döredildi.

 

“Victory” brendli türkmen köýnekleri daşary ýurda iberiler

 

ÝENE-DE OKAŇ

Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlady. Düýn gije 00:00-da ilkinji duşuşyk geçirildi. "A" toparda çykyş edýän Italiýanyň milli ýygyndysy Türkiýäniň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. ITALIÝADAN TARYHY REKORD Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan bäri, resmi hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynda bassyr 28 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Bu ýurduň taryhyndkay täze bir rekorddyr. Bu döwürde...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär.
Okap bilersiňiz  Türkmenistan “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini açmaga goldaw bermegi maksat edinýär
Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda...
Şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek Medeniýet hepdeligi hem-de baýramçylyk açylyş dabaralary barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatyndaky döredijilik çäresi we onuň maksatnamasy barada aýdyldy. Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň,...
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sementiň täze görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy. “Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak...
Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmaga, dünýädäki iň iri Galkynyş gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin "Türkmengaz" döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak boýunça hasabat berildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berlişi ýaly, häzirki...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
833TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar