TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Victory” brendli türkmen köýnekleri daşary ýurda iberiler

Mary welaýatyň “Ýeňiş” egin-eşik fabrigi täze “Victory” brendini tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň resmi interent saýtynda bellenilip geçilýär.

Önümçiligi täze ýola goýlan köýnekler ýokary hilli, häzirki zaman öwüşginli, hem-de giň görnüşli bolup, olar dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Fabrigiň degişli hünärmeniniň habar bermegine görä, täze «Victory» brendi ýakyn wagtda dünýä bazarlaryna eksport ediler. Bu bolsa «Ýeňiş» tikin fabriginde öndürilýän önümleriň dünýä ülňülerine laýyk gelýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň esasy önümçiligi erkek adamlaryň we çagalaryň köýnekleri bolup, içerki bazarlarymyzda indi birnäçe ýyllardan bäri öndürilýän önümleriň oňat hilliligi bilen öňdebaryjylaryň hatarynda tanalyp gelýär.

Bu ýerde tikilýän köýnekleriň çig maly arassa ak pagta, ýüpek pagta, şeýle hem garyşyk düzümde (80%-pagta, 20%-polýester) bolup, klassyky, syrdaşdyrylan, bili gysylan siluetlerde, uzyn we gysga ýeňli görnüşlerde «Ýeňiş» haryt nyşany bilen halk köpçüligine hödürlenilýär.

 

Ýewropa kem-kemden çäklendirmeleri gowşadýar

 

Ýene-de okaň

Dizel ýangyjyna we nebit ýol bitumyna isleg bildirildi

Döwlet býujeti: çykdajylaryň 75 göterim durmuş ulgamyna gönükdiriler

Internet paketleriniň täze nyrhlary: Türkmenistan

Baş Redaktor

Teswirle