TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ÝUNISEF we BSGG: koronawirus barada…

Şu gün ÝUNISEF guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň mejlisler zalynda ÝUNISEF bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň gurnamagynda bilelikdäki metbugat brifingi geçirildi.

Gidrid hem-de “Zoom” platformasynda onlaýn tertibinde geçirilen metbugat brifingine “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem çagyryldy.

ÝUNISEF bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň wekilleri ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine öz guramalarynyň alyp barýan işleri, sanjym, pandemiýa we zenanlaryň saglygy ýaly ugurlarda maglumatlar berdiler.

Pandemiýa döwründe ÝUNISEF bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalary ýurdumyzyň metbugat wekilleri bilen yzygiderli habarlaşyp, birnäçe metbugat brifinglerini geçirdiler. Onlaýn tertibinde geçirilen metbugat brifinglerinde pandemiýa döwründe öňüni alyş çäreleri, olaryň ýerine ýetirilişi, bu wirusdan goranmagyň ugurlary barada yzygiderli maglumatlar berildi. Şeýle hem koronawirus pandemiýasy babatda soňky maglumatlar ýetirilip gelindi.

Bu gezekki metbugat brifinginde metbugat wekilleri bilen özara maslahatlaşmalar geçirilip, pandemiýa bilen baglanyşykly öňüni alyş çäreleriň, olardan goranmagyň usullaryny ilata ýetirmek babatda nähili gurallaryň amala aşyrylyp boljakdygy maslahatlaşyldy.

ÝUNISEF guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Jemgyýet we özüni alyp barşyň üýtgemegi boýunça işgäri Selbi Hanowa guramanyň pandemiýa döwründe alyp baran işleri, metbugat sahypalarynda pandemiýa garşy öňüni alyş çäreleriniň wagyz edilmegi babatda edilen işler boýunça umumy maglumatlar berdi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň taslama ýolbaşçysy Alişer Mahkamow pandemiýa boýunça täze maglumatlary ýetirdi.

Şol maglumatlardan görnüşi ýaly, koronawirus ýokanjyna ýolugýanlaryň sanynyň azalýandygy, öňüni alyş çäreleriniň gowşadylýandygy, emma muňa garamazdan, pandemiýanyň dowam edýändigi bellenildi.

2022-nji ýylyň 23-nji maýy boýunça, BSGG tarapyndan 523,9 million waka hasaba alnypdyr. Soňky 24 sagadyň dowamynda 10 ýurtda – Awstraliýa, Hytaý, ABŞ. Ýaponiýa, Portugaliýa, Germaniýa, Italiýa, Koreýa Respublikasy, Fransiýa we Braziliýa ýaly döwletlerde wakalaryň köp bölegi hasaba alyndy.

Umuman, dünýäde koronawirus ýagdaýy gowşaýar. Bu kesel bilen aradan çykýanlaryň sany azalýar. Köp ýurtda öňüni alyş çäreleri gowşadylýar.

  • 15 ýurt karantin çärelerini ýeňilleşdirdi. 33 ýurt ilatyň saglygy we durmuş gorag çäreleriniň köpüsini ýatyrdy.
  • 22 ýurt ýakyn aragatnaşyk üçin karantini ýatyrdy.
  • 2022-nji ýylyň 24-nji maýyna çenli 28 agza döwlet ilat üçin agyz-burun örtük ​​talaplaryny aýyrdy. Diňe saglyk we jemgyýetçilik hyzmatlarynda we/ýa-da jemgyýetçilik ulaglarynda örtükleriň geýilmegini talap edýär.

 

Maýmyn mama keseline garşy derman tapyldy

Ýene-de okaň

Gyş paslynda berjaý edilmeli kadalar

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Teswirle