BIZNES

Ýük daşamak üçin alynýan ýygymlar hem-de tölegler bellenildi

Ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri bilen ýük daşamagy düzgünleşdirmek hem-de ulag ulgamynyň halkara gatnawlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyga (Aşgabat ylalaşygyna) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça ylalaşyk) agza döwletlerden ýa-da bu döwletleriň üsti bilen daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri Türkmenistana getirilende, we onuň çäginden üstaşyr geçirilende daşary ýurt döwletleriniň tirkeg çekiji awtomobili ulanylmadyk ýagdaýynda olaryň eýelerinden alynýan ýygymlar hem-de tölegler 2021-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary kanunçylyga girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

 

Annagül Gurdowa: Geçmişden geljege ýaňlanan öçmejek owaz

Ýene-de okaň

Ýerewan şäherinde türkmen-ermeni işewürlik duşuşygy geçirildi

Rus ilçisi: Russiýa Türkmenistan üçin esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Türkmenbaşy demir ýoly toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny dörediler

Türkmenistanda SPECA hepdeligi geçiriler

Ata Watan Eserleri

SOCAR Azerbaýjanyň gazyny Awstriýa we Germaniýa ibermäge başlady