DÜNÝÄ

Ysraýylyň syýahatçylyk ministri bilen telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ysraýyl Döwletiniň syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Bu barada Daşary işler ministrliginiň resmi sahypasynda bellenilip geçilýär.

Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny, hususan hem ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa we ylym, şonuň ýaly-da syýahatçylyk we bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary has hem işjeňleşdirmegiň zerurlygyny belläp geçdiler.

 

Her ýyl dünýäde 2,2 million kitap neşir edilýär

Related posts

Türkmenistan-Oman: diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy

Türkmenistan Türkiýä ynsanperwer kömeginiň 3-nji tapgyryna iberer

Türkmenistanyň we Özbegistanyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy