TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ysraýylyň ilçisi wezipesine girişdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Bet-Iden Kaýty kabul etdi.

Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersogyň mähirli salamyny ýetirdi we iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, öz ýurdunyň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Türkmenistan bu sebitde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini bu wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Ysraýylyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Türkmenistanyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan netijeli döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň bähbitlerini hem-de bar bolan uly kuwwaty nazara almak bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler biziň ýurtlarymyzyň döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklap, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Söwda-ykdysady ulgam, ýokary tehnologiýalar, oba hojalygy, suw serişdelerini rejeli ulanmak we beýlekiler şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi.

Ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde Ysraýyl bilen gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy bellenildi.

Taraplar dünýä giňişliginde, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Söhbetdeşler BMG-niň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, parahatçylygy, howpsuzlygy we ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryň özara goldanylmagynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Umumy pikire görä, bularyň ählisi halkara hyzmatdaşlygy, hususan-da, ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň taryhy gymmatlyklaryny we medeni mirasyny öwrenmäge degişli ylmy gatnaşyklary ýola goýmaga möhüm orun degişlidir.

 

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň Türkmenistana sapary

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle