DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň Türkmenistana sapary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Mikail Çingiz ogly Jabbarow Azerbaýjanyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklar muňa ýardam edýär.

Söhbetdeşler syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtap, dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň utgaşdyryjy guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny güýçlendirmegiň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, özara maýa goýumlaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady we ýangyç-energetika, ulag, telekommunikasiýalar ulgamlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Bu ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlaryň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklary, geçirilýän bilelikdäki giň möçberli forumlara gatnaşmagynyň türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň telekeçileriniň işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini üpjün etmegiň, bilelikdäki işewür forumlary guramagyň zerurdygy nygtaldy.

Ýükleri daşamagyň amatly ýerüsti we deňiz ýollaryny üpjün edýän yklymara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýän iki goňşy döwletiň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden peýdalanmak meselelerine duşuşykda aýratyn üns berildi. Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri türkmen tarapynyň bu ulgamda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler nebitiň we gazyň uly gorlaryna eýe bolan döwletleriň ikisi üçin hem bu ulgamyň ileri tutulýan ugurdygyny nygtap, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan, däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow bilen geçiren duşuşygynda iki goňşy döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi.

 

Aşgabat-Moskwa uçar gatnawynyň biletleriniň satuwy barada

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Wladimir Putin 72 ýaşady

Täjigistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan brifing

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

2025-nji ýylda Aşgabatda türkmen-argentin işewürlik forumyny guramak teklip edildi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Prezidentleri Russiýada duşuşarlar

Ata Watan Eserleri