SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ysraýyl sanjym bolmadyk syýahatçylary hem kabul edýär

Ysraýylyň hökümeti 1-nji martdan başlap, sanjym bolmadyk syýahatçylara hem gapylaryny açjakdygyny mälim etdi.

Mundan ozal, Ysraýylyň hökümeti koronawirus ýokanjy bilen baglanaşykly wakalaryň köpelmeginiň öňüni almak üçin öňüni alyş çärelerini we çäklendirmeleri artdyrypdy. Häzir bolsa, ýurduň hökümetiniň koronawirus keseliniň azalmagyndan soň serhetleriň waksina edilmedik syýahatçylara açyljakdygy habar berildi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Naftali Bennet sanjym edilmedik syýahatçylaryň ýurda mart aýyndan kabul edilip başlanjakdygyny belläp, “Koronawirus wakalarynyň azalandygyny gördük, indi açylmaly wagt geldi” diýdi.

Ýurduň çägine girilende PSR lukmançylyk barlagynyň hökmanydygyny mälim eden Bennet, ysraýyllylaryň ýurda gaýdyp gelmegi baradaky çäklendirmeleriň hem gowşadyljakdygyny we ýolagçylaryň uçuşdan öň lukmançylyk barlagyndan geçmeginiň zerur däldigini aýtdy. Ysraýyl, koronawirus ýokanjy sebäpli daşary ýurtly myhmanlaryň  ýurda 2 ýyllap girmegini gadagan edipdi.

 

Hormatly Prezidentimiz sport awtoulagynda gezelenç etdi

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi