TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz sport awtoulagynda gezelenç etdi

Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň giňişliklerinde sport ulagynda menzil aşdy.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan milli Liderimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Munuň özi ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň, şol sanda awtomobil sportunyň ösdürilmegine, onuň bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz ir bilen sport maşklaryny ýerine ýetirdi we arassa howada birsellem gezelenç etdi. Munuň özi köp babatda saglygyň hem-de kesellere garşy durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär, ruhubelentlik we keýpiçaglyk ýagdaýyny döredýär.

…Döwlet Baştutanymyz ir säher bilen Garagum sährasynyň gözel künjekleriniň birine gelip, ýerasty baýlyklary, özboluşly haýwanat we ösümlik dünýäsini özünde jemleýän sähranyň gözýetime uzap gidýän görnüşlerini synlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgeniň lybasyny geýdi. Döwlet Baştutanymyz ulagy sürmäge başlamazdan ozal, zerur tehniki taýýarlyk işlerini ýerine ýetirdi.

Ýaryş awtoulagy milli Liderimiziň dolandyrmagynda ýerinden gozganyp, dessine tizligini artdyrdy we çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini amala aşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sähra giňişliginde sport ulagyna ussatlyk bilen erk edip, bu ugurda toplan uly tejribesini ýene-de bir gezek görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz sport ulagyny çylşyrymly sähra ýollary bilen ýokary tizlikde sürüp barşyna, ulagda tehniki näsazlyklar ýüze çykdy. Şunuň ýaly garaşylmadyk waka bolan pursadynda türgeniň çylşyrymly ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmegi sportuň bu görnüşiniň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz tehniki näsazlygy, awtoulagyň hereketiniň togtamagyna sebäp bolan ýagdaýy tiz düzetdi.

Milli Liderimiz awtoulagyň tehniki ýagdaýyny ýene bir gezek gözden geçirdi we ýoluny dowam etdi. Milli Liderimiziň dolandyrýan awtoulagy ýokary tizlikde Garagum sährasynyň tebigy päsgelçiliklerinden aňsatlyk bilen geçdi.

Döwlet Baştutanymyz sport ulagyny Garagum sährasynyň esasy aýratynlygy bolan belent alaňlaryň birine çykardy. Bu ýerdäki belentlikden görünýän sähra giňişligi ynsan kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar we göwnüňi göterýär.

 

Beýik Britaniýanyň şa zenany koronawirus ýokanjy bilen keselledi

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti hatyra çäresine gatnaşdy

Teswirle