PEÝDALY MASLAHAT

Ysmanakly işdäaçar

Gerekli önümler:

250 gr ysmanak

2 sany orta ululykda käşir

3-4 nahar çemçesi zeýtun ýagy

4 nahar çemçesi süzme ýa-da gatyk

1 bölek sarymsak

1 çaý çemçesi duz

Üsti üçin gerekli önümler:

2-3 nahar çemçesi zeýtun ýagy

2 çaý çemçesi ownuk gyzyl burç

1 käse ezilen hoz

Taýýarlanylyşy:

Işdäaçarymyzy taýýarlamak üçin ilki bilen käşirlerimizi arassalap gyrgyçdan geçireliň. Soňra ysmanaklarymyzy arassalap biraz ulurak görnüşde dograşdyralyň. Soň bolsa, peçiň üstüne alan gazanymyza zeýtun ýagyny guýup, üstüne gyrgyçdan geçirilen käşir goşup, duzlamaly. Biraz gowrulan käşirimiziň üstüne ysmanaklary goşup garyşdyralyň. Geliň, oňa ýene duz goşup, 1-2 minut bişireliň we peçden çykaryp sowamaga goýalyň.

Çuň gaba gatyk ýa-da süzme alyň we üstüne ezilen sarymsagy goşuň, soň bolsa gowy edip garyşdyrmaly. Üstüne sowan ysmanak we käşirlerimizi goşup gowy garyşdyrýarys. Taýynlan işdäaçarymyzy bir gaba salmaly. Üsti üçin gyzgyn gazana gyzyl burç, hoz, zeýtun ýagyny goşup garyşdyralyň we işdäaçarymyzyň üstüne guýalyň.

Işdäaçarymyz taýýar, işdäňiz açyk bolsun!

Nýu-Ýorkda örtük dakynmak zerurlygy aradan aýryldy

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoly boýunça halkara bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

Aşgabat-Türkmenabat täze awtobus gatnawy ýokary tizlikli awtoýol arkaly amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri