Düýn Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ýo­lö­ten et­ra­byn­da önüm­çi­lik mak­sat­ly täze des­ga­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. «Türk­men­ne­bi­tö­nüm­le­ri» Baş mü­dir­li­gi­niň Ýo­lö­ten ne­bit önüm­le­ri kär­ha­na­sy­nyň tä­ze açy­lan bu döw­re­bap des­ga­sy­ny «Türk­men­ne­bi­tö­nüm­le­ri» Baş mü­dir­li­gi­niň ho­ja­lyk ha­sap­la­şy­gyn­da­ky abat­la­ýyş-gur­lu­şyk mü­dir­li­gi­niň Ma­ry we­la­ýat bö­lü­mi­niň gur­lu­şyk­çy­la­ry bi­na et­di­ler.

Bu ýer­de ýer­leş­di­ri­len 31 sa­ny çe­lek 14 müň 900 kub metr ýan­gy­jy sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mun­dan baş­ga-da tä­ze bi­na­da bir­ba­da 8 sa­ny aw­tou­la­ga ýan­gyç guý­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bo­lan es­ta­ka­da gur­lup­dyr. Şeý­le-de 26 sa­ny aw­tou­la­ga ni­ýet­le­ni­len ulag­jaý göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr.

Tä­ze gur­lan ne­bit önüm­le­ri kär­ha­na­sy­na Sol­tan­bent men­zi­lin­den de­mir ýol şa­ha­sy hem çe­ki­lip­dir. Bu ýer­de bir­ba­da 10 sa­ny de­mir ýol çe­le­gi­ni ka­bul edip bil­ýän gu­ýu­jy es­ta­ka­da gur­lup­dyr. Ýan­gyn how­pu­nyň öňü­ni al­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly Ýan­gyn howp­suz­lyk gul­lu­gy­nyň ýö­ri­te­leş­di­ri­len bi­na­sy bo­lup, ol iki sa­ny ýan­gyn sön­dü­ri­ji aw­tou­la­ga ni­ýet­le­nen­dir. Şeý­le-de 2 sa­ny ýan­gy­na gar­şy suw how­zy göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr.

 

Tagtabazarly gallaçylar şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler