TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ynamsyzlyk hem-de ynam

Gämi heläkçiliginden halas bolan ýeke-täk adamy tolkun kiçijek bir ýaşalmaýan ada zyňypdyr. Ol howsala düşüp, özüni halas etmegi Biribardan diläpdir. Her gün kömek etmäge golaýlap gelýän zadyň gözleginde, gözýetime gözüni dikip garaşyp durupdyr. Surnukmakdan ýaňa ahyry tebigy hadysalardan goranmak hem-de barja emlägini saklamak üçin özüne ýüzüp ýören pürlerden kiçiräk bir çatma gurýar.

Günlerde bir gün iýmit gözleginden dolanyp gelse, kepbesiniň ot-ýalnyň içindedigini görüpdir, tütün bolsa, al-asmana göterilipdir. Iň esasy zat bolsa elindäki barja zady hem ýanyp, küle öwrülipdir. Ol gaýgy-gama batyp, gahar-gazaba münüp: “Eý, Hudaý, sen meni nä güne saldyň!” diýip, gygyryp aglapdyr.

Ertesi gün irden ony kenara golaýlap gelýän gäminiň sesi oýarypdy. Şol gelýän gämi bolsa ony halas etmäge gelipdir. “Meniň bärdedigimi siz nädip bildiňiz?” diýip, ýaňky ýadaw adam kömek etmäge gelen halasgärlerden sorapdyr. Halasgärleriň biri: “Biz seniň tüsse bilen eden yşaratyňy gördük” diýip, jogap beripdir.

Atajan Hamraýew

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Türkiýe Garaşsyzlyk gününi belleýär

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle