TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkiýe Garaşsyzlyk gününi belleýär

Şu gün, ýagny 29-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasy özüniň milli baýramy – Garaşsyzlyk gününi belleýär. Mälim bolşy ýaly, üstümizdäki ýylda ýurduň Garaşsyzlygynyň 98 ýyllygy uludan toýlanýar.

Türkiýe Respublikasy, baryp 1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda özüniň garaşsyzlygyny jar etdi. Şol ýyl Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň 158 deputatynyň ses bermeginde ýurduň garaşsyzlygy yglan edildi.

1925-NJI ÝYLDAN BÄRI MILLI BAÝRAM

Türkiýäniň halky 29-njy oktýabr gijesi we 30-njy oktýabr güni Garaşsyzlyk baýramyny belledi. 1924-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda kabul edilen karar laýyklykda, Garaşsyzlyk baýramynyň 101 top atylmagy we dürli baýramçylyk çäreleri bilen bellemek babatda karar kabul edildi.

Bu karara laýyklykda, 1924-nji ýylyň 29-njy oktýabry dürli baýramçylyk dabaralarynyň başlangyjy boldy. 1925-nji ýylyň 29-njy oktýabryndan bäri bolsa milli baýram hökmünde giňden bellenilýär.

PREZIDENT ÄRDOGAN HALKYNY BAÝRAM BILEN GUTLADY

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdogan Garaşsyzlyk güni mynasybetli öz ýurdunyň raýatlaryny bu şanly baýramçylyk bilen gutlady.

Türk Lideriniň baýramçylyk gutlagynda şeýle diýilýär:

– Baý taryhymyzdan we gadymy gymmatlyklarymyzdan alýan güýç bilen 84 million raýatymyz bilelikde Türkiýäniň ösdürmek we döwletimiziň öňünde goýan maksatlaryna ýetimek üçin tagalla edýäris. Tutuş dünýäde uly kynçylyklar dören koronawirus ýokanjynyň kyn günlerini saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasynyň kuwwaty bilen yzda galdyrdyk. Şol bir wagtda ykdysadyýetde hem dünýä ykdysadyýetinde 3 göterim peselmäniň emele gelen döwründe oňat netijeler gazanyp, 2020-nji ýylda 1.8 göterim ösüş gazandyk.

Türkiýäniň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde Prezident Ärdogan we ýurduň ýolbaşçy düzümi her ýyl diýen ýaly, bu ýyl hem Anytkabir mawzoleýini baryp, şol ýerde gül desselerini goýdular. Anytkabir Türkiýäniň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň jaýlanan we onuň ýagty ýadygärligi üçin dikeldilen mawzoleý toplumydyr.

Türkiýe Respublikasynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli dürli çäreler guralýar.

Biz hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hökmünde doganlyk türk halkyny bu şanly baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

 

Türkmenistandan Russiýa 25-nji uçar gatnawy amala aşyryldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Wise-premýer Mämmedowanyň Fransiýadaky iş sapary

Teswirle