TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Ykdysady görkezijiler – üstünligiň açary

Beýik ösüşlere beslenýän Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolup geçýän we jemgyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýan wakalar, oňyn özgertmeler watandaşlarymyzyň kalbyny buýsanja besleýär. Ykbal özgerdiji taryhy döwürde tutumly işlere badalga berilýär.

Eziz Diýarymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe ylmyň iň täze gazananlary, iň gowy dünýä tejribesi esasynda beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, her bir ugurda ösüş gazanmak maksady bilen öňe sürülýän giň möçberli özgertmeler barha rowaç alýar.

Eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-aprel aýlaryndaky ykdysady görkezijiler hem aýdyň görkezýär.

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda we sebitlerde durnukly ösüş üpjün edilýär. Şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim artdy. Ýurdumyzda özara bähbitli, giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 42,5 göterim ýokarlandy.

Oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,5 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 113,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,8 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 105 göterime barabar boldy.

Hususan-da, gök önümleri öndürmek boýunça 138,1, miwe we ir-iýmişleri öndürmekde 101,7, çörek we çörek önümlerini öndürmek boýunça 105,1, et önümlerini öndürmekde 101,4, süýt we süýt önümlerini öndürmekde 100,8 göterim ösüş üpjün edildi. Maýa goýumlary özleşdirmegiň meýilnamasy 176,9 göterim berjaý edildi.  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň dört aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüşi 166,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüşi 107,5 göterime barabar boldy.

Umuman, bu ykdysady görkezijiler ýurdumyzyň belent ösüşlerinden nyşandyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen belent maksatlar amal edilýär. Garaşsyz Diýarymyzda raýatlaryň durmuş abadançylygy, hukuklaryň we bähbitleriň goralmagy esasy ugur bolup durýar. Şunda ynsan hakynda edilýän aladalar, ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu mümkinçilikleriň netijesinde adamlaryň iş bilen üpjün edilýändigi, döredijilikli zähmet çekýändikleri, bagtyýar durmuşyň hözirini görýändikleri bellärliklidir. Bu aýdyň netijeler durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek üçin we döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ykdysadyýet ähli pudaklaryň ösüşini we möhüm ugurlaryny özünde jemleýär, çünki ösüşiň ýokarylygy ykdysadyýetiň kuwwatlylygy bilen berk baglanyşdyrylýar. Şonuň üçin hem milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ähli ugurlary ylmy esasda öwrenilýär we giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşini has-da ýokary derejelere ýetirýär.

Dawut Şamuhammedow, 
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalygynyň mehanizasiýa fakultetiniñ mugallym-owrenijisi.

 

“Altyn het-trik” etmegi başaran rowaýaty futbolçylar

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle