TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

“Altyn het-trik” etmegi başaran rowaýaty futbolçylar

Gazanylan baýraklar boýunça “altyn het-trik” etmegi başaran, ýagny Dünýä Çempionatyny, Çempionlar Ligasyny we “Altyn topy” gazanmagy başaran rowaýaty futbolçylaryň häzirlikçe öz içinde “ýapyk sanawy” bar. Dünýä belli ýyldyz futbolçylar Lionel Messi we Kriştianu Ronaldu (entek) bu sanawa alynmady. Ine, şol “ýapyk sanawyň” hemişelik wekilleri:

  1. Frans Bekkenbauer

Nemes futbolynyň “Imperator” lakamly rowaýaty ýyldyzy Bekkenbauer “Bawariýa” bilen Ýewropanyň Çempion klublarynyň (häzirki Çempionlar Ligasy) bäsleşiginde 3 gezek (1974, 1975, 1976) ýeňiji boldy. Goragçy 2 gezek “Altyn topa” (1972, 1976) mynasyp bolan bolsa 1974-nji ýylda Germaniýanyň düzüminde Dünýä Çempionatynyň ýeňijisi boldy.

  1. Bobbi Çarlton

Iňlis futbolynyň iň meşhur futbolçylarynyň biri bolan Ser Bobbi Çarlton hem Dünýä Çempionlygyny, hem “Altyn topy” şowly ýyl bolan 1966-njy ýylda gazandy. Mundan iki ýyl soňra bolsa klublaryň arasynda-da Ýewropada (“Mançester “Ýunaýtediň” düzüminde) kubok gazandy.

  1. Gerd Mýuller

Meşhur hüjümçi kluby “Bawariýa” bilen 1974-1976-njy ýyllarda Ýewropanyň Klublar Çempionatynda ýeňiji boldy. 1974-nji ýylda bolsa Germaniýanyň düzüminde Dünýä Çempionatynyň ýeňijisi boldy. Iň gowy oýunça gowşurylýan “Altyn top” baýragyna Gerd Mýuller 1970-nji ýylda mynasyp bolupdy.

  1. Paolo Rossi

Italiýaly rowaýaty futbolçy 1982-nji ýylda Italiýanyň düzüminde Dünýä Çempionatynda ýeňiji boldy, “Altyn Top” baýragy hem oňa hut şu ýylda gowşuryldy. 1985-nji ýylda bolsa Rossi “Milan” bilen Ýewropa klublarynyň arasyndaky ýaryşda ýeňiş gazandy.

  1. Riwaldo

Özüniň üstaşyr gollary bilen meşhurlyk gazanan braziliýaly Riwaldo 1999-njy ýylda “Altyn top” baýragyna mynasyp boldy. 2002-nji ýylda Aziýa yklymynda geçirilen Dünýä Çempionatynda ýeňiji boldy. Hüjümçi 2003-nji ýylda “Milanyň” düzüminde Çempionlar Ligasyny gazandy.

  1. Ronaldinýo

“Barselonadaky” jadyly oýny we ýylgyrşy bilen janköýerleriň söýgüsini gazanan Ronaldinýo hem 2002-nji ýylda Braziliýanyň düzüminde Dünýä Çempiony boldy. Ol 2005-nji ýylda France Football tarapyndan gowşurylýan iň ýokary şahsy baýragy gazanan bolsa, 2006-njy ýylda “Barselona” bilen Çempionlar Ligasyny gazandy.

  1. Kaka (Rikardo Leýte)

Karýerasynda “Milan”, “Real Madrid” ýaly ägirt klublarda çykyş eden Kaka lakamly Rikardo Leýte Dünýä Çempionatyny 2002-nji ýylda gazandy. Hem “Milan” üçin hem-de özi üçin şowly geçen 2006-2007-nji ýylyň möwsüminde ol Çempionlar Ligasyny we “Altyn top” baýragyny gazandy.

  1. Zinedin Zidan

Fransuz futbolynyň rowaýaty futbolçysy öz milli ýygyndysy bilen 1998-nji ýylda Dünýä Çempionatynda ýeňiji boldy. Şol ýyl hem oňa “Altyn top” gowşuryldy. 2002-nji ýylda bolsa özüniň ajaýyp gol geçiren(ol gol “Baýer” Lewerkuzeniň derwezesinden geçipdi) final oýnunda bolsa Ýewropanyň Çempionlar Ligasyny gazanypdy.

Serdar Muhamow, sport synçysy

8-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle