BIZNES

YHG-niň ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň maliýe we ykdysadyýet ministrleriniň 5-nji duşuşygy göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň saýtynda bellenilip geçildi.

Bu duşuşygyň işine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we ministrligiň degişli wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň maksady COVID-19 pandemiýasy döwründe bu Gurama agza döwletleriň ykdysady ösüşini seljermekden, maýa goýumlary we sebitiň içindäki söwdany ýokarlandyrmakdan hem-de hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň başynda, gün tertibine laýyklykda, Täjigistan Respublikasynyň Ykdysady ösüş we söwda ministri we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary tarapyndan giriş sözleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän duşuşyk öz işine başlady. Soňra, Gurama agza ýurtlaryň maliýe we ykdysadyýet ministrleri we wekilleri, Guramanyň Söwda-senagat edarasynyň we Söwdany ösdürmek boýunça bankynyň wekilleri tarapyndan çykyşlar edildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, öz çykyşynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde soňky ýyllarda uly işleriň geçirilýändigini we olaryň sebitleýin hyzmatdaşlyga oňyn täsiriniň bardygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 2025-nji ýyla çenli geljekki ugurlarynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin söwda, maliýe we maýa goýum ugurlarynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

Mundan başga-da, ministr Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda, ýurdumyzda sebitleýin hyzmatdaşlyk bilen bagly bazar ykdysadyýetini ösdürmek, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, ulag-üstaşyr ýollaryny ösdürmek, logistiki merkezleri döretmek, sanly ulgamlary ornaşdyrmak boýunça, şeýle hem Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça gazanylan üstünlikler we netijeler barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň barşynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysadyýetinde bolup geçýän wakalar we Covid-19 pandemiýasyndan soň ykdysadyýeti dikeltmek barada hasabaty bilen tanyşdyryldy.

Mundan başga-da, söwda bilen bagly ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, sebitleýin maliýe ulgamyny döretmek, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Kliring birleşigini döretmek bilen bagly meseleleriň üstünde durlup geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda, bu Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maliýe we ykdysadyýet ministrleriniň duşuşygynyň beýannamasy bilen tanyşdyryldy we gatnaşyjylar tarapyndan kabul edildi. Duşuşyk örän hoşniýetli ýagdaýda geçdi.

 

Garri Potteriň äýnegi satuwa goýuldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 9 aýda jemi öndürilen önüm 11,7 göterim artdy

Rus nebitiniň Özbegistana iberilýän möçberi artdy

“Türk Howaýollary” Bişkekden Şanhaýa oba hojalyk önümlerini daşar

Aşgabat-Seul hyzmatdaşlygy: göni gatnawlar we täze taslamalar

Türkmenistan OTIF guramasynyň Baş assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşdy

Türkiýeden 154,7 million dollarlyk kofe eksporty