JEMGYÝET

Garri Potteriň äýnegi satuwa goýuldy

29-njy iýundan 1-nji iýul aralygynda Los Anjelesde «Prop Store» kompaniýasy tarapyndan «jadyly» satuw geçiriler.

«Prop Store» dükanynyň dolandyryjysy  Matt Truehiň pikirine görä, bu geçiriljek satuwyň şu wagta çenli geçirilenleriň iň ulusy bolmagyna garaşylýar.

Dolandyryjynyň aýtmagyna görä, Garri Potteriň äýnegi we «jadyly taýajygy» iň talap edilýän zatlaryň biri hasaplanýar.

«Birinji gezek «Warner Brothers» arhiwi  Garri Potteriň taýagyny we äýnegini satuwa goýdy. Gyzykly tarapy, bu iki zadyň satuwyndan alnan girdejiniň 100 göterimi haýyr-sahawata bagyşlanar, olaryň her biriniň bahasy 30 müňden 50 müň dollar aralygynda bahalanýar» diýip, Trueh bu barada düşündiriş berdi.

 

Çagalara teatr sowgady

 

 

Related posts

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň zenan ýolbaşçylarynyň Dialogyna gatnaşýar

Yeni yılın ilk tayına “Rowaç” ismi verildi

vepa

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady