TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

YHG-niň Işewürler forumy: Ösüş Bankyny we Ösüş Gaznasyny döretmek teklip edildi

2020-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň daşary söwda dolanyşygy 661 milliard dollar boldy, şolardan 289,78 milliard dollar eksportyň paýyna, 371,4 milliard dollar import paýyna düşdi. Bu barada Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler forumynda bellenilip geçildi.

Forumda çykyş eden Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýed Ýahýa Ahlaki bu görkezijiler barada durup geçip, YHG-a gatnaşyjy ýurtlarynyň söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täsirli mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

SYÝAHATÇYLYK BABATDA 

Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň IV işewür forumynyň umumy mejlisinde gozgalan möhüm mowzuklaryň biri, YHG-niň sebitinde syýahatçylyk pudagynyň ösüşi boldy.

Pakistanyň Söwda-senagat palatalary federasiýasynyň prezidenti Mian Nasser Hyýat Maggo, YHG sebitiniň halklaryň taryhy we medeni mirasyny gadymy Ýüpek ýolunyň gymmatlyklary bilen birleşdirýän meşhur syýahatçylyk mekanyna öwrülip biljekdigini belledi.

Şeýle hem ol syýahatçylygy we söwdany ösdürmek üçin wiza ulgamyny ýeňilleşdirmek babatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň iş alyp barýandygyny belledi.

YHG-NIŇ IŞEWÜRLER GEŇEŞINI DÖRETMEK

Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygy Danil Ibraýew maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde, eksporta gönükdirilen mümkinçilikleri ösdürmekde kärhanalara goldaw bermek üçin YHG-niň Işewürler Geňeşini döretmäge teklip etdi.

Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin maliýe goldawyny bermek maksady bilen Gyrgyz Respublikasynyň Senagatçylar we telekeçiler geňeşiniň ýolbaşçysy ykdysady hyzmatdaşlygy, kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň mehanizmi hökmünde YHG-niň Ösüş Bankyny we Ösüş Gaznasyny döretmegi teklip etdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň IV işewür forumyna degişli ministrlikleriň we bölümleriň, milli söwda we senagat palatalarynyň, bank we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini, YHG sebitindäki hususy kärhanalaryň wekillerini ýygnady. Gibrid formatda geçirilen bu çäre, Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy, YHG-niň Söwda-senagat palatasy we YHG sekretariaty tarapyndan gurnaldy.

 

Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlary: Türkiýe, Özbegisan we Eýran

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana boljak döwlet sapary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt döwlet Baştutanlaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Teswirle