JEMGYÝETSPORT

Ýewro-2020: Niderlandlar we Belgiýa indiki tapgyra çykdy

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynda “B” hem-de “Ç” toparlarynda 2-nji duşuşyklar geçirildi. Şolaryň netijesinde, Niderlandlaryň milli ýygyndysy öz toparynda birinji orny eýeläp, indiki tapgyra çykmaga hukuk gazandy.

“B” TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY

Daniýa – Belgiýa: 1-2 (2. Poulsen – 54. Azar, 70. de Bruýne)

Daniýanyň milli ýygyndysy duşuşyga gol bilen başlady. Oýnuň 2-nji minutynda Ýussef Poulsen toparyny öňe geçirdi. Ýöne duşuşygyň ikinji ýarymynda Belgiýanyň milli ýygyndysynyň güýçli futbolçylary Kewin de Bruýne, Eden Azar, Aksel Witsel ýaly futbolçylar girenden soňra duşuşygyň ýagdaýy üýtgedi. Belgiýalylar 54-nji minutda Torgar Azar hem-de 70-nji minut Kewin de Bruýneniň gollary bilen 2:1 hasabynda ýeňip, toparda birinji orny eýeleýär.

Duşuşygyň 10-nji minutynda pökgi meýdançanyň daşaryna çykaryldy we meýdançada ýüregi durup, lukmanlar tarapyndan halas edilen daniýaly Kristian Eriksen üçin 1 minutlyk goldaw duýgudaşlygy bildirildi.

Şeýlelikde, “B” toparynda Belgiýanyň 6, Russiýanyň we Finlýandiýanyň 3, Daniýanyň 0 utugy bar.

“Ç” TOPARYNYŇ DUŞUŞYKLARY

Ukraina – Demirgazyk Makedoniýa: 2:1 (29. Ýarmolenko, 34. Ýaremçuk – 57. Alioski).

Ukraina bu duşuşykda ýeňiş gazanyp, möhüm 3 utugy aldy. Ukrainler birinji ýarymynda 2 pökgi geçirip, öňe saýlandy. Ýöne oýnuň ikinji ýarymynda makedonlar tijenip, 11 metrlik jerime urgusy gazandy we hasaby 2:1-e getirdi.

Ukrainanyň bu ýeňşi toparyndan iň gowy 3 topar hökmünde indiki tapgyra çykmaga mümkinçilik berer.

NIDERLANDLAR – AWSTRIÝA: 2:0 (11. jerime urgy Depaý, 67. Dumfris)

Niderlandlar milli ýygyndysy bu duşuşykda gazanan ýeňşi bilen indiki tapgyra çykmagy başardy.

“Ç” toparynda 2-nji duşuşyklardan soňra Niderlandlaryň 6 utugy, Awstriýa bilen Ukrainanyň 3 utugy, Demirgazyk Makedoniýanyň 0 utugy bar.

 

Dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleri yglan edildi

 

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir